Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

  • 30.04.2026 18:21
  • 10k+

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas ediş operasiýasy läheňi öz dogduk mekany bolan Atlantik ummanyna gaýtarmagy maksat edinýär. Halas ediş topary bu maksady amala aşyrmak üçin, takmynan 400 kilometr ýol geçmeli bolar.

Nemes metbugatynda «Timmi» ady bilen meşhurlyk gazanan örküçli läheň 3-nji martdan bäri Baltika deňziniň ýalpak suwlaryndady. Ony çuň suwa gaýtarmak üçin edilen köp sanly synanyşyklar uzak wagtlap netije bermedi. Ilki bu işler döwlet tarapyndan maliýeleşdirildi. Soňra bolsa iki sany nemes telekeçisi kömege geldi. Olaryň biri Karin Walter-Mommert läheňiň ýaşamak ugrundaky göreşiniň bu tagallalara doly mynasypdygyny belleýär.

Halas ediş kerweniniň hereketini Vesselfinder.com saýtynda göni wagtyň dowamynda yzarlap bolýar. Onuň ugry Daniýanyň suwlaryndan geçip, ýurduň demirgazyk çetinden aýlanyp, Demirgazyk deňzine alyp barýan Skagerrak bogazyna çenli dowam eder. Bu göçüş birnäçe güne çeker.

Şeýle möhüm ädimlere garamazdan, ylmy jemgyýetçilikde bu missiýanyň üstünligine şübhe bilen garaýanlar hem bar. Meselem, käbir alymlar läheňiň örän ejiz we kesel bolany üçin ýörite ýalpak suwy saýlap alandygyna ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, haýwan üç günlük göçhä-göçlüge tap getirmez.

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, resmiler ilki kömek bermek islän bolsalar-da, soň halas ediş işlerini mümkin däl hasaplap, ondan ýüz öwürdiler. Emma jemgyýetçiligiň nägileligi we hususy taraplaryň başlangyçlary netijesinde häzirki meýilnama işlenip düzüldi.

Greenpeace-iň deňiz biology Tilo Maak bolsa has başgaça pikiri öňe sürýär. Onuň aýtmagyna görä, läheňi daşamak oňa güýçli stress berer. Biolog jandaryň soňky müddetiniň ýakynlan bolmagynyň mümkindigini we hut şonuň üçin hem rahat ölmegi saýlandygyny, oňa iň gowusy artykmaç azar bermezligiň has ynsanperwer hereket boljakdygyny aýdýar.

Şeýle-de bolsa, hususy başlangyjyň weterinarlary läheňiň ýagdaýynyň ýola ýaramajak derejede däldigini tassykladylar. Bu bolsa Timminiň öz öýüne – ummanyň çuňluklaryna dolanyp biljekdigine uly umyt döredýär.


düýn 11:13
7.1k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
9.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6.7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 10:16
7k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......