Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

  • 13.04.2026 16:26
  • 4.5k+

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär.

Prowans we Wiktoriýa döwrüniň estetikasyndan ylham alan şeýle görnüşler, Çemena Kamaliniň ýolbaşçylygyndaky Chloé moda öýi ýaly öňdebaryjy dizaýnerler tarapyndan ýoň edilip, mahabatlandyrylýar.

Şeýle geýinmegiň esasynda şäherli görünýän keşbi az-kem sypaýylaşdyrýan epin-epin fason ýa-da tor nagyş bilen bezelen, şeýle-de boýunýakasy biraz üýtgedilen ýeňil bluzka durýar.

Bu nysakda jinsiler neýtral eşigiň hyzmatyny ýerine ýetirýär we artyk-süýşük bezeglerden saklaýar. Ýöne ýokardaky agzalan bluzkalar bilen giň däl-de, gysbyrak jinsileriň gelişjekdigini-de unutmaň.

Bu möwsüm 70-nji ýyllardaky retro öwüşginini gaýtalaýan ýalpyldawuk jinsilere has köp ýykgyn ediler.

Reňk babatda stilistler neýtral reňklere eýermegi maslahat berýärler. Başarsaňyz, gök jinsiniň üstünden ýa-ha ak, ýa-da al öwüsýän açyk reňkli bluzkalary geýiň. Has resmi görnüş üçin aýaga lofer ýa-da uzyn ökjeli köwüşler ajap gelişer.


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....