Dünýädäki iň garry kepderi 44 ýaşynda aradan çykdy

  • 12.04.2026 00:02
  • 11k+

ABŞ-da dünýäniň iň garry kepderisi diýlip hasaplanýan Şugar atly guş 44 ýaşynda aradan çykdy. Bu waka bolmazyndan az wagt öň kepderi resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Ak reňkli kepderi 1981-nji ýylyň 23-nji iýunynda dünýä inip, jemi 44 ýyl 72 gün ýaşady. Bu görkeziji kepderileriň ortaça ýaşyndan (takmynan, 20 ýyl) iki esse köpdür. Rekord hasaba alnan wagty, ol öňki iň ýokary görkezijini (29 ýyl) ep-esli yzda galdyryp, bendilikde ýaşan iň garry kepderi hökmünde ykrar edildi.

Guşuň eýesi, 77 ýaşly Dueýn Orender 1980-nji ýyllardan bäri kepderi saklaýar. Onuň aýtmagyna görä, Şugar uzak ýyllaryň dowamynda onuň ýanynda ýaşan: olar bilelikde telewizora tomaşa edipdir, aýdym diňläpdir. Şeýle hem guş eýesiniň aýdym-saz wideolaryna düşüpdir.

«Men 50 ýyldan gowrak wagt bäri aýdym-saz pudagynda işleýärin we Şugaryň sazy gaty gowy görýändigini bilýärin. Ol meniň iki sany wideomda surata düşdi... Siz Şugary onuň 40 ýaşy mynasybetli taýýarlanan wideoda, şeýle hem "God’s Spotlight" aýdymynyň wideosynda görüp bilersiňiz. Şugar soňky aýdymyň awtorlygyna-da gatnaşdy diýip bileris, sebäbi hut ol meni bu aýdymy ýazmaga ruhlandyrdy» – diýip, Duýen gürrüň berdi.

Orenderiň aýtmagyna görä, 1996-njy ýylda Rouz atly kepderi öleninden soň, Şugar uzak wagtlap özüne gelip bilmändir we köp ýyllaryň dowamynda warkyldamagyny bes edipdir.

Eýesi guşunyň 50 ýyla çenli ýaşamagyna umyt edipdi, emma kepderi katolik Pasha baýramynda dünýäden ötdi.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.6k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....