Neýron ulgamy öýjükdäki belok baglanyşyklaryny 95% takyklyk bilen öňünden aýtmagy öwrendi

  • 13.04.2026 16:04
  • 1k+

“Ýokary ykdysadyýet mekdebi” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň alymlary beloklaryň biri-biri bilen özara täsirleşjekdigini 95% takyklyk bilen çaklaýan GSMFormer-PPI modelini işläp düzdüler. Bu işläp düzme keseliň mehanizmlerini öwrenmäge we dermanlaryň nyşanalaryny kesgitlemäge kömek edip biler.

Öýjükdäki prosesleriniň ählisi diýen ýaly beloklaryň özara täsirleşmesine baglydyr. Olar signallaryň geçirilişine gatnaşýar, himiki reaksiýalary düzgünleşdirýär we molekulýar kompleksleri emele getirýärler. Bu proseslerdäki bökdençlikler keselleriň döremegine sebäp bolup biler.

Täze model beloklar baradaky maglumatlaryň üç görnüşini hasaba alýar: aminokislota yzygiderligi, üç ölçegli gurluşy we üstki alamatlary. Bu maglumatlar sanly görnüşe öwrülýär we olaryň arasyndaky gatnaşyklary anyklaýan neýron ulgamy arkaly seljerilýär.

"Beloklar özara täsirleşende, olaryň üstki bölegi has möhümdir: molekulalar biri-birini hut şu üst arkaly tanaýarlar we baglanyşygy kesgitleýän fiziki-himiki häsiýetler şol ýerde jemlenýär. Modelimizde biz bu maglumaty belogyň yzygiderliligi we üç ölçegli gurluşy bilen bilelikde göz öňünde tutmaga synanyşdyk, soňra diňe alamatlary birleşdirmän, eýsem algoritme olaryň arasyndaky gatnaşyklary seljermäge mümkinçilik berdik. Bu bize belok bilen belogyň özara täsirleşmelerini has takyk çaklamaga mümkinçilik berdi" - diýip, “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň Emeli aň we sanly ylymlar institutynyň Biolukmançylyk barlaglary we tehnologiýalary merkeziniň direktory Mariýa Popsowa düşündirýär.

Model PINDER maglumat bazasynda synagdan geçirildi. Ol 95,7% takyklygy berdi we birnäçe bar bolan çözgütlerden has gowy netije görkezdi.

Bu barlagyň netijeleri Scientific Reports žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.2k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....