Buharestde täze guruljak stadiona Luçeskunyň ady dakylar

  • 11.04.2026 23:40
  • 3.7k+

Buharestde «Dinamo» futbol klubunyň täze stadionyna ýakynda aradan çykan tälimçi Mirça Luçeskunyň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Bu barada Rumyniýanyň içeri işler ministri Ketelin Predoýu habar berdi diýip, «Mediafax» neşiri ýazýar.

Sport desgasy köne stadionyň ýerinde gurlar we ol «Dinamo Mirça Luçesku» diýlip atlandyrylar. Gurluşyk işleri birnäçe ýyla çeker.

Mirça Luçesku 7-nji aprelde, 81 ýaşynda infarkt zerarly aradan çykdy. Mart aýynyň ahyrynda Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň türgenleşigi wagtynda onuň saglygy ýaramazlaşyp, hassahana ýerleşdirilipdi. Ilki bilen ýagdaýy durnuklaşdyrylan hem bolsa, soňra kynçylyklar ýüze çykdy.

Soňky ýyllarda hünärmen Rumyniýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edipdi. 2024-nji ýyldan bäri topar onuň ýolbaşçylygynda 18 oýun geçirip, 11 ýeňiş gazandy, bir gezek deňme-deň oýnady we alty gezek ýeňildi.

Mirça Luçesku futbol taryhynda iň köp baýrak gazanan tälimçileriň biridir. Ol gazanan titullarynyň sany boýunça diňe ser Aleks Fergýusondan we Pep Gwardioladan yza galýar. Ol iň uly üstünliklerine Doneskiň «Şahtýory» bilen ýetip, hususan-da, 2009-njy ýylda UEFA-nyň Kubogyny gazanypdy.


düýn 23:57
804

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......