Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň howandarlygynda «Energetika kodeksini» işläp düzmegi teklip etdi

  • 12.04.2026 22:17
  • 7.8k+

Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň energiýa bazaryny durnuklaşdyrmak boýunça birnäçe amaly çäreleri beýan etdi diýip, TDH habar berýär.

Energetika giňişligini syýasatsyzlaşdyrmak we BMG-niň howandarlygynda hyzmatdaşlygyň täze halkara-hukuk gurallaryny döretmek esasy teklipler boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dört sany möhüm başlangyjy öňe sürdi:

Birinji: Türkmenistan özüniň öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjyna ýene-de ünsi çekýär. Onuň esasy özeni howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygydyr, bu ýerde energetika howpsuzlygy esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Ikinji: Türkmenistan energetika gatnaşyklaryny syýasatsyzlaşdyrmaga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi nähili bökdeýändigini aýdyp oturmak artykmaçdyr. «Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasatsyzlaşdyrmagy beýan edýän “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýär» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Üçünji: Energiýa serişdeleriniň önümçiligini, üstaşyr geçirilmegini we sarp edilmegini düzgünleşdirmek üçin BMG-niň köpugurly halkara-hukuk resminamasyny döretmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurt Baş Assambleýanyň garamagyna «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Dördünji: Türkmenistan energiýa elýeterliliginiň erkin, durnukly we deňhukukly bolmagyny üpjün etmäge çagyrýar. « Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, şeýle hem geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlar bilen işjeň gepleşiklere taýýardygyny bildirip, on ýyllyk döwür üçin Wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy maksatnamany döretmegi teklip etdi.


düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......