4.5k+

Time 2025-nji ýylyň iň beýik 300 oýlap tapyşynyň reýtingini hödürledi

Time žurnaly Time’s Best Inventions 2025 reýtingini – soňky 365 günde döredilen iň möhüm oýlap tapyşlaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl redaksiýa 300 innowasiýany saýlady – bu öňkülerden has köpdür. Oýlap tapyşlar kategoriýalar boýunça bölündi: robototehnika, gözellik, dynç alyş, saglyk, dizaýn, oba hojalygy, iýmit, emeli aň we beýlekiler...

2.9k+

Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär...

4.1k+

Ýawa kerklerini halas etmek üçin olaryň genetiki materialy biobanklarda saklanar

Indoneziýa seýrek Ýawa kerkleriniň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin olaryň genetiki materialyny saklap galmak isleýär. Bu barada Indoneziýanyň tokaý hojalygy ministri Raja Juli Antoni habar berdi. “Biz kömekçi reproduktiw tehnologiýalary ulanmak bilen, geljekki ekstrakorporal tohumlandyrma üçin döli we ýumurtga öýjüklerini saklap galarys” – diýip, Antara habarlar agentligi ministriň sözlerini getirýär...

1.5k+

Google DeepMind-yň emeli aň modeli rak bejergisinde öňegidişlik gazandy

Alymlar çişi irki tapgyrlarda, heniz adamyň immun ulgamy olara hüjüm etmäge ukyply wagty ýüze çykarmagyň usulyny eýýäm köpden bäri gözleýärdi. Indi bu işe emeli aň hem goşuldy we netijeler haýran galdyrdy. Google-yň blogunda habar berlişi ýaly, DeepMind bölümçesi Ýel uniwersiteti bilen bilelikde açyk Gemma EA modelini rak öýjükleriniň özüni alyp barşyny seljerer ýaly sazlady...

990

Apple sensor ekranly MacBook Pro taýýarlaýar

Apple amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda ilkinji sensor displeýli MacBook Pro noutbugyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär...

2k+

Samsung öz-özüni dikeltmäge ukyply ekrany patentledi

Samsung kompaniýasy eplenýän smartfonlaryň berkligini we hyzmat ediş möhletini ýokarlandyrmaga ukyply täze tehnologiýany patentledi. Ulgamyň özeni mikroskopik simleriň we “sensor halkasy” diýlip atlandyrylýan datçikleriň utgaşmasyndan ybarat...

4.1k+

SpaceX kompaniýasy Starship V2-niň soňky uçuşyndan täsirli kadrlary görkezdi

SpaceX 14-nji oktýabrda bolan Starship V2 raketasynyň soňky synag uçuşyndan täze we örän täsirli kadrlary hödürledi. X sosial ulgamynda ýerleşdirilen wideoda missiýanyň iň esasy tapgyrlary – raketanyň uçuşy, basgançaklaryň bölünip aýrylyşy we suwa gonmazdan öň atmosfera girişi görkezilýär...

3k+

Hytaýly alymlar bary-ýogy bir atom galyňlykda ýady saklaýjy çip döretdiler

Professor Çunsen Liunyň ýolbaşçylygyndaky hytaýly alymlar topary galyňlygy  bir atoma deň bolan iki ölçegli materiallardan we adaty kremnili arhitekturadan düzülen gibrid ýady saklaýan çip işläp düzdüler. Çibiň sygymy 1 kilobaýt, maglumatlary ýazmak we pozmak wagty bolsa bary-ýogy 20 nanosanýa deň...

2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...

2.8k+

Nvidia 1,2 kg agramly, ýöne örän kuwwatly iň kiçi superkompýuteri döretdi

Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär...

6.7k+

Arça pürlerinden altynyň nanobölejikleri tapyldy

Ýakynda Oulu uniwersitetiniň (Finlýandiýa) alymlary ýewropa arçasynyň (Picea abies) pürlerinde altyn nanobölejikleriniň toplanyp bilýändigini ýüze çykardylar. Bu netijeler Environmental Microbiome žurnalynda çap edildi...

3.7k+

Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy suw geçirmeýän DR02 gumanoid robotyny görkezdi

Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy DR02 atly gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu robot çylşyrymly senagat we köçe şertlerinde işlemäge ukyply. Onuň korpusy IP66 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goragly, bu robotyň ýagyşly, tozanly we ýokary çyglylyk şertlerinde işläp bilmegine mümkinçilik berýär...

2.7k+

Öý we iş üçin täze Figure 03 gumanid roboty hödürlenildi

Amerikanyň Figure AI kompaniýasy Figure 03 atly üçünji nesil gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu model öý hojalygynda hem, täjirçilik wezipelerini ýerine ýetirmekde hem ulanylyp bilner. BotQ zawodynda robotlaryň ýyllyk önümçiligi 12 000 birlik bolar, uzakmöhletleýin maksatda — dört ýylyň içinde 100 000 sanysyny öndürmek bar...

2k+

Alymlar Aýyň iň uly krateriniň gelip çykyşyna täzeden seredýärler

Alymlar Aýdaky iň uly krater bolan Günorta polýus — Eýtkeniň gelip çykyşynyň ozal çak edilenden tapawutlydygyny anykladylar. Arizona uniwersitetinden Jeffri Endrýus-Hannanyň ýolbaşçylygyndaky täze barlagyň netijesine görä, asteroid Aýa günortadan däl-de, demirgazyk tarapdan gelip urupdyr...

6.1k+

Awstraliýanyň suwlarynda iki sany täze görnüş jandar tapyldy — garaňkyda şöhle saçýan akula we “farfor” leňňeji

Günbatar Awstraliýanyň kenarlarynda okeanograf alymlar ylym üçin täze bolan iki deňiz jandaryny — garaňkyda şöhle saçýan fonar akulasy we ýarym-durulykrangy farfor kraby. Bu tapyndylar baryp 2022-nji ýylda Awstraliýanyň ylmy we amaly barlag guramasy (CSIRO) tarapyndan geçirilen ekspedisiýa wagtynda ýüze çykarylypdy, emma olaryň ylmy beýany diňe indi neşir edildi...

8.7k+

Çaga heniz ene göwresindekä daşary ýurt dillerini özleşdirip başlaýar - alymlaryň barlagy

  Monreal uniwersitetiniň alymlary çaga heniz ene göwresindekä daşary ýurt dilini eşiden bolsa, onuň beýnisiniň bu dili tapawutlandyryp we bölekleýin özleşdirip bilýändigini anykladylar. Göwrelilik döwründe birnäçe hepdäniň dowamynda başga dilde gürrüňleri diňlemek, çaganyň sözleýşi kabul etmegine jogap berýän nerw ulgamlarynyň işjeňligini üýtgedip biler...