Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

  • 12.02.2026 18:54
  • 1.5k+

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda esasy üns Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem şu ugurda işleýän täze ýapon kompaniýalarynyň türkmen bazaryna çykmak mümkinçiliklerine gönükdirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Tohkemy Corporation kompaniýasynyň mümkinçilikleri we tehnologik teklipleri barada pikir alyşdy. Bu kompaniýa Türkmenistanda suwy arassalamak üçin niýetlenen enjamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işleri amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem Sustec we Carbon Cryo Capture Co., Ltd. kompaniýalarynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Bu kompaniýalaryň işi kwant duýujylygyny ulanmak arkaly ýerasty baýlyklary gözlemek üçin ýokary takyklykly tehnologik enjamlary öndürmek, şeýle-de suwuklandyrylan gaz ulgamynda kömürturşy gazyny bölüp aýyrmak tehnologiýalary bilen baglanyşyklydyr.


13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....