Google emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen işlemegi üçin täze standarty yglan etdi

  • 16.02.2026 10:02
  • 729

​Google kompaniýasy emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen özara gatnaşygyny  standartlaşdyrmak üçin niýetlenen MCP protokolynyň brauzer görnüşi bolan WebMCP-ni tanyşdyrdy. Bu täze çemeleşme, agentiň HTML koduny derňemezden we ulanyjynyň  basyşlaryny gaýtalamazdan, saýtda amallary ýerine ýetirmek üçin anyk we öňünden kesgitlenen interfeýs almagyny üpjün edýär.

​Häzirki wagtda emeli aň agentleriniň agramly bölegi sahypalaryň gurluşyny seljermek we ulanyjynyň hereketlerini meňzetmek arkaly işleýärler. Bu usul köplenç durnuksyz bolup, sahypanyň bezegi ýa-da gurluşy üýtgän ýagdaýynda işlemegini bes edýär. WebMCP muňa alternatiwa hödürleýär: saýtlaryň özi agentlere dürli amallary amala aşyrmak üçin ulgamlaşdyrylan gurallary hödürleýär.
​WebMCP-niň binýatlyk gurluşy API-niň iki görnüşini öz içine alýar:

  • ​Deklaratiw (beýan ediji): Ýönekeý amallary anketalar (formalar) we standart elementler arkaly ýerine ýetirmek üçin ulanylýar.
  • ​Imperatiw (buýruk beriji): Logiki yzygiderliligi we ädimleriň anyk tertibini talap edýän JavaScript-däki has çylşyrymly ssenariler üçin niýetlenendir.

​WebMCP-niň kömegi bilen saýtlar agentlere petekleri bronlamak, goldaw gullugyna ýüz tutmalary döretmek, sargytlary resmileşdirmek we harytlary gözlemek ýaly hyzmatlara göni elýeterlilik berip bilerler.
​Häzirki wagtda WebMCP Google-yň irki elýeterlilik maksatnamasynyň çäginde deslapky syn görnüşinde hödürlenýär. Geljekde ony Chrome brauzeri we Gemini bilen utgaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa emeli aň agentlerine ulanyjynyň minimal gatnaşmagynda ähli işleri göni brauzeriň içinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
883

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

07.03.2026 17:10
923

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...