Alymlar: Marsda tapylan gadymy alkanlar planetada öň ýaşaýşyň bolandygyny delillendirýär

  • 13.02.2026 13:59
  • 6.8k+

NASA-nyň «Curiosity» marsohody Geýl krateriniň palçykly jynslarynyň arasyndan uzyn zynjyrly organiki molekulalary — düzüminde 10–12 uglewod atomy bolan alkanlary ýüze çykardy. Science Alert neşirindäki makalada bellenilişi ýaly, häzirki wagtda olaryň dykyzlygy her milliarda 30–50 bölege deňdir. Emma geçirilen barlaglar geçmişde bu birleşmeleriň mukdarynyň has ýokary bolandygyny we muny janly organizmleriň gatnaşygy bolmazdan delillendirmegiň örän kyndygyny görkezdi.
Alymlaryň nygtamagyna görä, Ýer şarynda şeýle alkanlar adatça organizmleriň ýaşaýyş işjeňliginiň netijesinde emele gelýär we olar ýag turşulary bilen baglanyşyklydyr. Marsda tapylan bu birleşmeler häzirki wagta çenli planetada ýüze çykarylan iň iri organiki molekulalar boldy.

NASA-nyň Goddard adyndaky kosmos uçuşlary merkeziniň hünärmeni Aleksandr Pawlowyň ýolbaşçylygynda alymlar laboratoriýa şertlerinde Marsyň gurşawyny döredip, radiasiýanyň alkanlary nähili dargadýandygyny öwrendiler. Hasaplamalara görä, nusga Marsyň ýüzünde takmynan 80 million ýyllap galypdyr we munça wagtyň dowamynda organiki maddalar radiasiýa zerarly tas doly dargapdyr diýen ýaly. Kompýuter modelirlemesi alkanlaryň ýa-da olaryň başlangyç maddalarynyň asyl mukdarynyň her millionda 120–7700 bölege çenli ýetendigini görkezdi.
Mälim bolan biologik däl çeşmeleriň seljermesi, olaryň hiç biriniň beýle ýokary görkezijini üpjün edip bilmejekdigini tassyklady. Gözlegçiler şeýle dykyzlykdaky mukdaryň mälim bolan abiotik (jansyz tebigatdaky) mehanizmler bilen gabat gelmeýändigi baradaky netijä geldiler. Şol bir wagtyň özünde, awtorlar ýaşaýşyň barlygy barada entek göni subutnamanyň ýokdugyny we oňa derek başgarak düşündirişleriň hem bolup biljekdigini nygtaýarlar.


11.06.2026 10:55
1.7k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....