Fizikler Edisonyň unudylan tejribesinden geljegiň tehnologiýasynyň salgysyny tapdylar

  • 12.02.2026 10:54
  • 3.8k+

XIX asyryň ahyrynda Tomas Edison iş edinip, lampalaryň has uzak wagtlap ýanmagynyň ýollaryny gözledi. Aradan takmynan 150 ýyl geçensoň, alymlar onuň tejribelerinden birini gaýtalamak kararyna geldiler we garaşylmadyk açyş etdiler. Bu açyş, meşhur oýlap tapyjy eýýäm şol wagtlar, belki-de özi-de bilmän, tehnologiýalaryň geljegine nazar aýlamagy başarypdyr diýen pikiri döredýär.
Raýs uniwersitetinden Lukas Eddiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary 1879-njy ýyldaky kömürturşy sapagy bilen geçirilen tejribäni gaýtadan janlandyrdylar. Emma bu gezek maksat lampa döretmek däl-de, eýsem grafeni — altyburçluk görnüşinde ýerleşen kömürturşy gazynyň iki ölçegli görnüşini almakdy. Şu günki gün kwant fizikasyny, superkompýuterleriň işini we akkumulýatorlary bu elementsiz göz öňüne getirmek hem kyndyr.  
Edison özüniň ilkinji söwda lampalarynda kömürleşdirilen bambuk süýümlerini ulanypdyr. Şol döwrüň lampalary olary 2300 °C derejä çenli gyzdyrypdyr. Alymlar şeýle lampany bary-ýogy 20 sekuntlap ýakyp  goýanlarynda, sapagyň reňkiniň çal reňkden kümüşsöw reňke öwrülendigini geň galmak bilen bellediler. Geçirilen seljerme işleri kömürturşy gazynyň bir böleginiň grafene öwrülendigini görkezdi.

Häzirki wagtda turbostatik grafen çylşyrymly enjamlaryň kömegi bilen 2000 °C-den ýokary gyzgynlykda alynýar. Lampa bilen geçirilen tejribe bolsa bu amalyň has ýönekeý we ep-esli arzan bolup biljekdigini subut etdi.
Barlagçylaryň çaklamasyna görä, Edisonyň köne lampalarynyň ýörelgelerine esaslanýan tehnologiýalar grafen almagyň we onuň häsiýetlerini özleşdirmegiň usullaryny has gowy ele almaga ýardam eder.


şu gün 16:08
1.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

düýn 10:01
3.6k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....