Sony ýapon kompaniýasy wideooýunlary saklamagyň täze tehnologiýasy üçin patent hasaba aldy diýip, Tech4Gamers neşiriniň žurnalistleri habar berdiler.
2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda tabşyrylan patente görä, ulgam maglumatlaryň bulutly akymlaýyn berlişini (streaming) we oýunlaryň lokal işledilmegini birleşdirýär. Bu bolsa PlayStation konsollaryna diňe, takmynan, 100 MB göwrümli esasy ýerine ýetiriji faýly ýüklemäge mümkinçilik berer, şol bir wagtyň özünde teksturalar, modeller, sesler we beýleki serişdeler zerurlyga görä serwerlerden ýüklenip durar. Şunda Sony-nyň tassyklamagyna görä, oýnuň işinde bökdençlikler bolmaz.
Tehnologiýa peseldilen hilli kontentiň ulanylmagyny göz öňünde tutýar, emma oýun geçildigi saýyn ulgam grafikany gowulandyryp we eýýäm gerek däl faýllary öçürip durar.
Bilermenler bu gibrid ulgamyň diňe bir konsollardaky ýeri boşatman, eýsem geljekki PlayStation 6-nyň bahasyny hem arzanlatjakdygyny çaklaýarlar. Komponentleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli içki ýat saklaýjylary giňeltmek gymmata düşýär, şonuň üçin täze tehnologiýa has elýeterli enjamlary çykarmaga mümkinçilik berer.