Sony egniňe geýilýän täze Reon Pocket 5 kondisionerini çykardy

  • 25.04.2024 14:35
  • 12k+

Sony kompaniýasy özüniň göçme Reon Pocket kondisioneriniň bäşinji neslini hödürledi. Egniňe geýilýän enjam eýesine yssy howada salkynlamaga ýa-da sowuk howada gyzynmaga mümkinçilik berýär diýip, Mail.ru ýazýar.

Täze Reon Pocket 5 öňkülerinden has ykjam we ýeňil çykaryldy: agramy bary-ýogy 116 gr (deňeşdirmek üçin, iPhone 15-iň agramy 203 gr). Enjam temperaturany, çyglylygy we hereketi ölçeýän bäş datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem onda daşky gurşawyň temperaturasyny we çyglylygyny kesgitleýän Reon Pocket Tag funksiýasy bar.
Munuň netijesinde Reon Pocket 5 şertlere uýgunlaşyp, işini awtomatiki sazlap biler. Enjamyň 9 iş tertibi bar: sowatmak üçin 5 we ýyladyş üçin 4.
Iň ýokary sowadyş derejesinde Reon Pocket 5 takmynan 4 sagat, iň pesinde bolsa 17 sagada çenli işlär. Type-C birleşdirijisi arkaly enjamy doly zarýadlamak 2 sagat 50 minut wagt alýar.
Reon Pocket 5-i iOS we Android-de smartfonlar üçin programma ulanyp, dolandyryp bolýar. Enjam telefona Bluetooth 5.0 arkaly birikdirilýär.
Sony Reon Pocket 5-i eýýäm 170 dollar bahadan öňünden sargyt edip bolýar. Göçme kondisionerler 15-nji maýda müşderilere iberilip başlar.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....