Ýapon kompaniýasy beýni tolkunlaryny sungat eserlerine öwürýär

  • 11.07.2025 11:09
  • 3.7k+

Ýaponiýanyň Brainwave Trading Center kompaniýasy adamlaryň beýnisiniň işjeňligini sungat eserlerine öwrüp başlady diýip, South China Morning Post habar berýär.

Tehnologiýa Tokiodaky BWTC Metaverse Store dükanynda oturdyldy. Bu ýere gelýänlerden kellä geýilýän ýörite enjam arkaly beýni tolkunlaryny skanirletmek haýyş edilýär. Taslama gatnaşyjylara gatnaşanlygy üçin 1000 ýena (takmynan 6,8 dollar) tölenýär.
Ulgam beýniniň täsin impulslaryny ýazga alýar we olary hakyky wagtda wizual şekillere öwürýär. Alnan suratlar estetik gymmatyna görä bahalandyrylýar. Mysal üçin, tramwaýly wideo tomaşa edip döredilen şekiliň bahasy 13 900 ýena (takmynan 95 dollar) boldy, başga bir eser 7 810 ýena (53 dollar) satylýar.
Kompaniýa netijä akyl işjeňliginiň - okamagyň, ünsliligiň, meditasiýanyň ýa-da emosional reaksiýanyň täsir edýändigini belleýär. Brainwave Trading Center-niň wekilleri döredijilik baradaky adaty pikirlere täzeden garamaga we neýron derejesinde sungat döretmek prosesine tomaşaçylaryň ünsüni çekmäge synanyşýandyklaryny aýtdylar.


düýn 12:41
1.2k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......