Italiýada etrusklaryň saç üçin halkalary bolan 2600 ýyllyk el degrilmedik mazary tapyldy

  • 26.07.2025 17:34
  • 15k+

Beýlor uniwersitetinden Dawid Zoriýanyň ýolbaşçylygyndaky arheologlar topary Italiýada etrusklaryň (b.e. öňki I müňýyllykda ýaşan gadymy medeniýet) 2600 ýyllyk el degrilmedik mazaryny tapdy. Rimden 70 km uzaklykda ýerleşýän bu tapyndy Gadymy Rimiň döremezinden öňki taryhy öwrenmek üçin iň möhüm maglumatlaryň biri hasaplanýar diýip, uniwersitetiň resmi saýty habar berýär.

Möhürlenen mazarda daşdan oýulyp ýasalan düşeklerde ýerleşdirilen dört adamyň – ähtimal iki erkek we iki aýalyň – galyndylary bar. Takyk netijä gelmek üçin alymlar genetiki, izotopiki we antropologiki derňewleri geçirerler.
Mazardan 100-e golaý gowy saklanyp galan artefakt tapyldy: keramika, demir ýaraglar, bürünç şaý-sepler we saç üçin kümüş halkalar.
Etrusk siwilizasiýasy b.e. öňki VI asyrda ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetipdir. Olar häzirki Italiýanyň çäginde, Tiber we Arno derýalarynyň arasynda mesgen gurupdyrlar. Medeniýetleriniň köp elementleri soňrakky döwrüň häkimiýetiň mirasdüşeri bolan rimliler tarapyndan özleşdirilipdir.
Rim imperiýasy b.e. öňki 27-nji ýylda ilkinji imperator Oktawian Awgustyň ýolbaşçylygynda Mark Antoniýny ýeňenden soň döräpdir. Imperiýadan öň Rim respublikasy (b.e. öňki 509-njy ýyldan) we Rim patyşalygy (b.e. öňki 753-nji ýyldan), onuň esaslandyrylyşy bolsa ekizler Romul bilen Rem hakyndaky rowaýat bilen baglanyşyklydy.


düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.5k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......