Alymlar howadan agyz suwuny alýan “gabarçakly örtük” döretdiler

  • 04.07.2025 18:28
  • 4.3k+

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary aşa gurak şertlerde-de, mysal üçin Sahara çölünde ýa-da Ölüm jülgesinde (ABŞ-da ýerleşýär)  howadan agyz suwuny alyp bilýän enjamy döretdiler diýip, Live Science ýazýar.

Oýlap tapyş daşyndan gabarçakly örtüge meňzeýär we iki aýna paneliň aralygynda gurlan gidrogeliň esasynda işleýär.
Gijelerine gidrogel howadaky çyglylygy sorup alýar, gündizine bolsa ýörite sowadyjy örtük arkaly çyglylyk kondensirlenýär we gaba akýar. Gabarçaklaryň gümmez görnüşi üstki meýdany we sorup alynýan çyglylygy artdyrýar.
Ölüm jülgesinde synag geçirilende enjam her gün bir bulguryň dörtden iki böleginden üçden iki bölegine çenli suw öndürdi. Çyglylygy has ýokary bolan ýerlerde bu görkeziji has ýokary bolup biler. Işletmek üçin tok gerek däl, bu bolsa tehnologiýany çet ýerlerde ulanmak üçin amatly edýär.
Möhüm üstünlik öň gidrogellerde ulanylýan litiniň syzmak meselesiniň çözgüdiniň tapylmagy boldy. Täze işläp taýýarlamada stabilizator hökmünde gliserini ulanýar, bu suwdaky litiniň derejesini 0,06 ppm-den hem peseltmäge mümkinçilik berdi, bu halkara ülňülerine laýyklykda howpsuz derejedir.
Häzirlikçe bir modul tutuş maşgalany suw bilen üpjün edip bilmese-de, panelleri biri-biriniň gapdalynda gurup bolýar. Hasaplamalara görä, sekiz sany 1x2 metrlik panel bir maşgalanyň suwa bolan esasy zerurlyklaryny ödäp biler. Ony gurmak üçin çykdajy, çüýşeli suw satyn almak bilen deňeşdirilende, bir aýdan hem az wagtyň içinde özüni ödär. Enjam azyndan bir ýyl hyzmat eder.
Professor Sýuanhe Žao ulgamyň ulaldylyp we dürli şertlere uýgunlaşdyrylyp bilinjekdigini aýtdy. Öňde ýene-de mundan bu ýanky synaglar garaşýar.


düýn 10:34
1.8k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......