Dyson ýylboýy ýertudana ösdürip ýetişdirmek üçin adaty bolmadyk ferma-maşyn döretdi

  • 01.07.2025 19:20
  • 6.9k+

Dyson kompaniýasy ýylyň ähli paslynda ýertudana ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän innowasion enjamyny tanyşdyrdy. Täze enjam Angliýanyň gündogar bölegindäki Linkolnşir graflygynyň golaýyndaky aýna ýyladyşhana oturdyldy diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar.

Işlenip düzülen enjam içine ýertudana ýerleşdirilen gaplardan ybarat aýlanýan tigir görnüşlidir. Bu gurluş ösümlikler üçin birmeňzeş yşyklandyryşy we howa çalşygyny üpjün edýär.
Mikroklimatyň ähli görkezijileri – temperatura, çyglylyk, CO₂ derejesi we suw mukdary awtomatiki usulda dolandyrylýar. Suwarmak üçin ýygnalan ýagyş suwy ulanylýar. Drenaž ulgamy kökleriň aşa suwarylmagynyň öňüni alýar.
26 akr (105 müň m2) meýdany bolan ýyladyşhana bir milliondan gowrak nahal ýerleşdirmäge ukyply. Hasyllylyk ýylda 1250 tonna ýetýär.
Hasyly ýygnamak üçin kameralar we manipulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan robotlar ulanylýar. Olar ýetişen miweleri ösümliklere zyýan ýetirmezden seresaplylyk bilen ýygnaýar. Ultramelewşe çyralar miweleri kömelekli kesellerden goraýar.
Zyýan berijilere garşy göreşmek üçin himiki serişdeler ulanylmaýar. Olara derek ýörite peýdaly mör-möjekler ulanylýar, olar kiçi mehanizmler arkaly ýataklaryň arasynda deň derejede paýlanýar.
Ýyladyşhana öz bioenergetika toplumy bilen işleýär. Oba hojalyk galyndylary ýylylyga we elektrik energiýasyna öwrülýär. Bu prosesiň dowamynda bölünip çykýan kömürturşy gaz ösümlikleriň ösüşini çaltlandyrmak üçin ýyladyşhananyň içine gaýtadan goýberilýär, galan galyndylar bolsa dökün hökmünde peýdalanylýar.
Işläp düzüjileriň sözlerine görä, bu ulgam dürli howa şertlerinde, şol sanda gysga möwsümli ýa-da hasyllylygy pes toprakly ýerlerde hem işleýär. Bu enjamy beýleki ekinlerde-de synap görmek mümkin. Mundan başga-da, bu enjam ekologiýa ýetirilýän zyýany iň pes derejä getirmäge kömek edýär.
Dyson şeýle görnüşli enjamlary şäherleriň içinde – dükanlaryň ýa-da öňki senagat zolaklarynyň golaýynda ornaşdyrmagy teklip edýär. Bu ulag çykdajylaryny azaltmaga hem-de önümleriň täzeligini saklamaga mümkinçilik berer.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....