“Dünýäniň iň berk çadyry”: nemes kompaniýasy sagatda 180 km tizlikli şemala çydamly çadyr döretdi

  • 23.10.2025 09:51
  • 5.6k+

Germaniýanyň Heimplanet kompaniýasy “dünýäde iň berk ekspedisiýa çadyry” hökmünde tanadylan Mavericks Blue Ice modelini görkezdi diýip, New Atlas ýazýar.

On adama niýetlenen bu çadyr sagatda 180 kilometre çenli ýele çydamly. Ol suw geçirmeýän, diýseň berk matadan ýasalan we daşky tarapy romb görnüşli çişirilýän pürslerden durýar. Şeýle gurluş ony adaty çadyrlardan has durnukly edýär.
Iki taraplaýyn pol nasoslarynyň kömegi bilen iki adam bir wagtda çadyr bilen işleýär — ony doly çişirmek üçin bary-ýogy 5–10 minut gerek.
Mavericks Blue Ice-nyň beýikligi 195 sm, meýdany 13 m², agramy bolsa 25 kg. Toplumyň düzümine gazyklar, aýrylyp-goýulýan pol, tanap, abatlaýyş toplumy we ýörite torba girýär.
Täze modelde öňki görnüşlerden tapawutlylykda, silikon-poliuretan gatlakly poliester mata ulanylyp, onuň ýyrtylmaga garşy durnuklylygy güýçlendirilipdir. Şeýle hem çadyryň şweýleri has berkleşdirilip, howa aýlanyş ulgamy we üçek gurluşy kämilleşdirilipdir – indi güýçli ýel ýa-da ýagyş mahalam içerde rahat mikroklimat saklanýar.
Mavericks Blue Ice-yň bahasy — 6439 dollar (Ýewropada 5599 funt). Öndürijiniň sözlerine görä, bu çadyr iň kyn howa şertlerinde hem ekspedisiýalara amatly we hatda tupan wagtynda-da howpsuzlyk hem rahatlyk üpjün edýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....