Alymlar ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini ösdürip ýetişdirdiler

  • 06.10.2025 10:42
  • 4.7k+

Oregonyň Saglyk we ylym uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini döretdiler. Bu tehnologiýa önelgesizligi bejermekde öwrülişik döredip, ýaş, kesel ýa-da himiýa bejergisiniň täsiri sebäpli ýumurtga öndürmek ukybyny ýitiren aýallar üçin täze mümkinçilik döredip biler diýip, "The Guardian" gazeti habar berdi.

Bu usul Dolli goýunlaryny klonlamakda ulanylan ýörelgelere esaslanýar: öýjügiň ýadrosy donor ýumurtgasyna göçürilýär. Täze barlagda alymlar aýallardan deri öýjüklerini aldylar we adamyň genetiki koduny saklaýan 46 hromosomy öz içine alýan ýadrolaryny aýyrdylar, soňra bolsa olary ýadrosyz donor ýumurtgasyna ýerleşdirdiler.
Esasy kynçylyk - adaty adam ýumurtgasynda bary-ýogy 23 hromosomyň bolmagydy. Ýene 23-si tohumlandyrylma wagtynda goşmaça  goşulýar we düwünçejigiň doly ösmegi üçin zerurdyr. Alymlar goşmaça hromosomlary aýyrmagyň usulyny tapdylar, ýöne bu proses durnuksyz we ýalňyşlyklara ýykgyn edýär.
Alnan 82 ýumurtganyň 10%-den azy irki embrional döwrüne çenli ösdi we hiç biri alty günden köp ýaşamady.
Barlagyň awtorlary öz işini "taglymatyň subutnamasy" diýip atlandyrýarlar we tehnologiýa amaly taýdan ulanylyp başlanýança on ýyl töweregi wagtyň gerek boljakdygyny çaklaýarlar. Hünärmenler täze usullaryň howpsuz we ygtybarly bolmagyny üpjün etmek üçin berk gözegçilik etmegiň we şeýle ösüşleri aç-açan ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyny nygtaýarlar.


düýn 10:01
3.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......