Jübi teleskopy çykdy: indi islendik adam astrosuratçy bolup biler

  • 10.07.2024 11:27
  • 5.1k+

Ýaňy-ýakynda hem uzakdaky galaktikalary, ýyldyzlar toplumyny we ýyldyzlary synlamak üçin ýörite bilimler we gymmat enjamlar gerek bolýardy. Astronomiýany söýüjiler diňe gijeki asmana seredip, ýyldyzlara göz aýlap bilýärdiler. Indi sanly teleskoplaryň peýda bolmagy bilen hemme zat üýtgedi we “astrosuratçylyk” adaty adamlar üçin elýeterli boldy diýip, Hi-Tech Mail.ru ýazýar.

DwarfLab kompaniýasy has hem öňe gitdi we agramy 1,35 kilogram, ölçegi 222x142x65 mm bolan Dwarf III jübi teleskopyny çykardy.
Adaty kitapdan uly bolmadyk täze önüm Sony IMX678 (STARVIS 2) şekil datçiginiň  kömegi bilen galaktikalaryň, ýyldyzlar toplumynyň we ýyldyzlaryň şekillerini surata düşürmäge mümkinçilik berýär. Teleskop 35 mm-lik periskop teleobýektiwi, 3,4 mm-lik giň burçly optika we "gowy şertleriň ýok ýerinde surata düşürilende hem" ýokary hilli şekilleri almak üçin galmagaly azaltmak algoritmi bilen enjamlaşdyrylandyr.
Dwarf III obýektleri gözleýiş we gönükdiriş aýratynlyklary bolan programma girmegi üpjün etmek bilen, smartfonyňyz bilen gabat gelýär. Emeli aň funksiýaly kömekçi programmany ulanyp, enjam gerekli obýekte gönükdirilýär. Aýratynlykda uzak ekspozisiýa režimini ulanyp bolýar, soňra alnan suratlary birleşdirip, “giň kosmiki mozaikany” döredip bilersiňiz.


Şeýle hem, enjam 4K-da 30 FPS-de we 1080p sekuntda 60 kadrda wideo düşürmäge mümkinçilik berýär.
Teleskopyň IP54 derejeli goragy bar, suwa çydamly we 10 000mAh akkumulýator we 128 Gb ammar bilen üpjün edilen. Dwarf III öňünden sargyt edilse, bahasy 479 dollardan başlaýar.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......