Kosmonawtlary mör-möjekler bilen iýmitlendirerler: Bu uzak missiýalar üçin täze iýmit çeşmesi bolar

  • 16.11.2025 16:52
  • 3.2k+

Alymlar uzak möhletli kosmos missiýalarynda iýmitiň gaýtadan dikeldilip bilinýän çeşmesi hökmünde mör-möjekleri ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Bu organizmler ýeňil, talapkär däl we iýmitlige baý bolup, hatda mikrograwitasiýa şertlerinde-de kadaly ösüşe ukyplydyr.

BMG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde iki milliarddan gowrak adam eýýäm mör-möjekleriň iki müňden gowrak görnüşini iýýär. Ýewropada-da olar kem-kemden iýmitiň "ekologiýalaşdyrylmagy" çäginde restoranlaryň naharsanawyna we aşpezlik kitaplaryna girip barýarlar. Mysal üçin, ýakymly ysly jazlyklar bilen taýýarlanan çyrlaklar tüsse tagamly hozy ýatladýar, un gurçuklary – bekony, garynjalar bolsa limon gabygynyň tagamyny berýär.
Mör-möjekleriň liçinkalarynda we uly görnüşlerinde (imaginal formalarynda) belok, ýag kislotalary, demir, sink we B toparynyň witaminleri bar. Bu görkezijiler boýunça olar köplenç etden, balykdan kem galmaýarlar, käte bolsa olardan hem üstün çykýarlar.
Şwesiýanyň Oba hojalygy uniwersitetiniň professory Osa Bergreniň ýolbaşçylygyndaky topar mikrograwitasiýanyň bognaýaklylaryň fiziologiýasyna, köpelmegine we özüni alyp barşyna nähili täsir edýändigini öwrenýär. Frontiers in Fiziology žurnalynda çap edilen barlagyň netijesi köp görnüşleriň orbital şertlere üstünlikli uýgunlaşýandygyny görkezdi. Mysal üçin, miwe siňejikleri köpelmegi goşmak bilen tutuş ömür tapgyryny tamamlap bildi, garynjalar tekiz üstde hereket ugruny kesgitlemegi we saklanmagy başardy, käbir taýajyk mör-möjekleri (палочники) hereket etmekde kynçylyk çekdi.

Barlagyň möhüm belligi: Häzirlikçe maglumatlar ýeterlik däl. Synaglaryň köpüsi birnäçe minutdan birnäçe hepdä çenli dowam etdi, bu bolsa mör-möjekleriň doly ömür döwründen gysgadyr.

Kosmos agentlikleri haýsy görnüşleriň kosmosda durnukly köpelip we ekipažy iýmit bilen üpjün edip biljekdigini anyklamak üçin mör-möjekleriň orbitada uzak möhletli bolmagy bilen täze synaglary taýýarlaýarlar.
Eger tejribeler üstünlikli bolsa, kosmonawtlar göni kosmos gämisiniň bortunda özlerini iýmit bilen bölekleýin üpjün edip, ýük eltmek zerurlygyny azaldyp we planetalarara missiýalaryň awtonomiýasyny ýokarlandyryp bilerler.

"Mör-möjekler kosmos şertlerine gowy uýgunlaşýarlar. Olar fiziki agramlara garşy durmak ukybyna eýe. Mundan başga-da, bu kiçijik jandarlar biziň – adamlaryň – iýip bilmeýän materiallarymyzy gaýtadan işlemekde we bizi ýokumly maddalar bilen üpjün etmekde örän gowudyrlar" – diýip, barlagyň esasy awtory Osa Bergren belleýär.


düýn 14:59
639

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 23:19
3.6k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

11.05.2026 15:59
1.8k+

NASA-nyň Mars synagyna gatnaşyjylar üzňelikde 200 gün geçirdiler

NASA tarapyndan guralan CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, Mars ekspedisiýasynyň şertlerini gaýtalaýan toplumyň içinde doly üzňelikde 200 günden gowrak wagt geçirdiler. Bu ylmy synag jemi......

10.05.2026 14:09
1.4k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......