Sony PlayStation 5-iň bahalaryny ýene gymmatlatdy

  • 05.05.2026 23:11
  • 2.1k+

Sony kompaniýasy Aziýanyň käbir bazarlarynda «PlayStation 5» oýun konsollarynyň bahalaryny gymmatlatjakdygyny yglan etdi. WCCFTech neşiriniň habar bermegine görä, bu üýtgeşmeler 1-nji maýdan başlap güýje girdi we Günorta Koreýa, Singapur, Malaýziýa, Tailand, Indoneziýa, Filippinler hem-de Wýetnam ýaly ýurtlara täsir eder.

Kompaniýa bu karary global ykdysady ýagdaý, walýuta nyrhlarynyň üýtgemegi we önümçilik çykdajylarynyň artmagy bilen düşündirdi.

Täze bahalar takmynan Günorta Koreýada diskli PS5 – $693, sanly (digital) – $627, PS5 Pro – $949, Singapurda degişlilikde $629, $566 we $864, Indoneziýada standart görnüşi $700, sanly görnüşi bolsa $614 bolar.

Şeýle hem el terminaly bolan PlayStation Portal hem gymmatlar. Täze bahalar Günorta Koreýada $276, Singapurda $257, Malaýziýada $247, Tailandda $231 we Indoneziýada $319 bolar.

Mundan ozal hem şeýle gymmatlamalar Demirgazyk Amerikada, Ýewropada, Ýaponiýada we Braziliýada bolup geçipdi. 2020-nji ýylyň güýzünde, satuwa çykan pursatynda ABŞ-da PS5-iň esasy görnüşi 499 dollar, diskiz görnüşi bolsa 399 dollardy.

Aslynda, öňler oýun konsollary wagtyň geçmegi bilen arzanlaýardy. Emma häzir ýagdaý düýbünden üýtgedi. Enjamlaryň bahasy satuwa çykan wagtyndan birnäçe ýyl geçse-de, arzanlamagyň deregine ýokarlanmagy dowam edýär.


03.03.2026 16:57
3.6k+

Çipdäki beýni öýjükleri meşhur «Doom» oýnuny oýnamagy öwrendi

Awstraliýanyň Cortical Labs kompaniýasy laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen adam neýronlaryndan ýasalan CL1 bio-kompýuterinde «Doom» oýnuny işe girizdi. Kompaniýanyň habaryna görä, öýjükler gahrymany dolandyrmagy we duşmanlara ok atmagy öwrendiler...

16.02.2026 15:41
2.8k+

Sony oýunlaryň göwrümini 100 GB-dan 100 MB-a çenli kiçeltjek tehnologiýany patentledi

​Sony ýapon kompaniýasy wideooýunlary saklamagyň täze tehnologiýasy üçin patent hasaba aldy diýip, Tech4Gamers neşiriniň žurnalistleri habar berdiler. ​2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda tabşyrylan patente görä, ulgam maglumatlaryň bulutly akymlaýyn berlişini (streaming) we oýunlaryň lokal işledilmegini birleşdirýär...

10.07.2024 11:27
5.1k+

Jübi teleskopy çykdy: indi islendik adam astrosuratçy bolup biler

Ýaňy-ýakynda hem uzakdaky galaktikalary, ýyldyzlar toplumyny we ýyldyzlary synlamak üçin ýörite bilimler we gymmat enjamlar gerek bolýardy. Astronomiýany söýüjiler diňe gijeki asmana seredip, ýyldyzlara göz aýlap...

26.05.2024 20:49
5.6k+

Sony geljege nazar aýlady: VR-gajetli enjamlar nähili görnüşde bolar

Sony 2030-njy ýyllarda güýmenjeler pudagyny göz öňüne getirşi baradaky pikirini paýlaşýan Creative Entertainment Vision wideosyny neşir etdi diýip, “Çempionat” portaly habar berýär. Kompaniýanyň çaklamalaryna görä...