Çipdäki beýni öýjükleri meşhur «Doom» oýnuny oýnamagy öwrendi

  • 03.03.2026 16:57
  • 3.6k+

Awstraliýanyň Cortical Labs kompaniýasy laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen adam neýronlaryndan ýasalan CL1 bio-kompýuterinde «Doom» oýnuny işe girizdi. Kompaniýanyň habaryna görä, öýjükler gahrymany dolandyrmagy we duşmanlara ok atmagy öwrendiler.

Bio-kompýuter kremniý çipiniň üstünde ýerleşdirilen 200 müň töweregi neýrondan ybaratdyr. Ol neýronlara wirtual dünýä baradaky maglumatlary berýän we hereket etmek üçin olardan dyýduryş alýan biologiýa amalyýet ulgamy (biOS) arkaly işleýär.

Neýronlar donor derisinden we ganyndan ösdürilip ýetişdirildi.Şunda ilki öýjükler sütün öýjüklerine, soňra bolsa beýni öýjüklerine öwrüldi. «Doom» oýnuny işe girizmek üçin Cortical Labs garaşsyz gözlegçi Şon Koul bilen hyzmatdaşlyk edip, oýnuň elementlerini neýronlara düşnükli duýduryşlara öwürdi.

Bio-kompýuter has ýönekeý düzgünli «Pong» oýnuny oýnamagy-da öwrenipdi. «Pong-uň düzgünleri ýönekeý: top ýokary çykýar — raketka ýokary çykýar. Doom bolsa has çylşyrymly: üç ölçegli dünýä, duşmanlar, gurşawy öwrenmek» diýip, kompaniýanyň baş ylmy müdiri doktor Brett Kagan belledi.

Ol neýronlaryň entek täze gelenler ýaly oýnaýandyklaryny, ýöne öwrenmäge we duşmanlara täsirini bildirmäge ukyplaryny görkezýändiklerini-de belledi. Onuň aýtmagyna görä, öýjükler köplenç «ölýän» hem bolsalar, ýene öwrenmeklerini dowam edýärler we täze hereketleri synap görýärler.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....