Şäher durmuşy garynjalary üýtgetdi: indi olaryň iýmit dannaýşy peselýär

  • 14.02.2026 18:58
  • 4.2k+

Şäherlerdäki durmuş şertleri janly organizmleriň ýaşaýyş ýörelgelerini mazaly üýtgedýär. Alymlaryň anyk maglumatlaryna görä, şäherleşmek ýagdaýy garynjalaryň hem iýmitleniş endiklerine täsir edip, olaryň uglewod çeşmelerini saýlamakdaky talapkärligini peseldipdir.
Bu ylmy barlag şäher ýerlerinde köp duşýan adaty gara bag garynjasyna bagyşlandy. Gözlegleriň netijeleri Urban Ecosystems žurnalynda neşir edildi.
Alymlar işçi garynjalaryň dürli konsentrasiýaly şeker erginlerine nähili reaksiýa berýändigini barladylar. Oba ýerlerinde ýaşaýan garynjalar pes süýjülikdäki erginlerden ýüz öwrüp, iň süýji tagamlylary saýladylar. Şäher garynjalary bolsa, hatda iň az süýjülikdäki erginleri hem işdämenlik bilen kabul etdiler.
Barlagçylar munuň sebäbini şäherdäki ösümlikleriň yssylyk, topragyň hapalanmagy we emeli yşyklandyryş zerarly yzygiderli stres ýagdaýynda bolýandyklary bilen düşündirýärler. Netijede, şäher şertlerinde mör-möjekler üçin iýmitiň hili peselýär. Şäher garynjalary ýokary hilli uglewodlaryň gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolansoňlar, «näme berilse, şony al» diýen ýörelgä eýerýärler.
Ylymda ýokary hilli iýmite öwrenşen jandarlaryň pes hilli iýmitden ýüz öwürmek ýagdaýyna «otrisatel kontrast» diýilýär. Oba garynjalarynda bu häsiýet aýdyň ýüze çykýan bolsa-da, şäher garynjalarynda ol wagt geçdigiçe ýitip gidipdir.


şu gün 10:53
341

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....