Ýapon alymlary wolframdan 3D çap etmegiň täze usulyny işläp düzdüler

  • 10.02.2026 09:48
  • 2.1k+

Hirosima uniwersitetiniň alymlary iň gaty senagat materiallarynyň biri bolan wolfram-kobalt karbidinden (WC-Co) dürli önümleri 3D çap etmegiň innowasion usulyny tapdylar.

Täze tehnologiýa materialy doly eretmän, ony diňe ýumşatmak arkaly işleýär. Bu bolsa gurluşyň bitewüligini zaýalamazdan, iň çylşyrymly şekilleri döretmäge mümkinçilik berýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu usul adaty önümçilik usullary bilen deňeşdirilende, galyndylary ep-esli azaldýar.
Alymlar bu prosesi "gyzgyn simli lazer kebşirlemesi" diýip atlandyrýarlar. Bu usula laýyklykda, lazer şöhlesi gaty splawdan ýasalan taýajygy doly eretmän, ony ýumşadýar we gatlakma-gatlak gurluşy emele getirýär. Gatlaklaryň hilini we sepleşmesini gowulandyrmak üçin olaryň arasyna nikel ergininden ybarat ýuka gatlak goşulýar.
Bu usul bilen alnan material özüniň adatdan daşary berkligini (1400 HV-den ýokary) doly saklaýar we hiç hili defektsiz bolup çykýar. Barlagçylaryň pikiriçe, bu täzeçillik ozal 3D printerlerde çap etmek mümkin däl diýlip hasaplanýan örän berk senagat şaýlaryny öndürmäge ýol açar.


şu gün 10:53
284

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....