Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

  • 14.02.2026 14:15
  • 3.2k+

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler.
Bremeniň deňiz ekologiýa ylymlary merkeziniň (MARUM) hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleri Eos neşirinde çap edildi. Alymlar 2022-nji we 2024-nji ýyllarda «Maria S. Merian» ylmy gämisinde Şpisbergeniň kenarýakasyndaky haýal süýşýän Knipowiç gerşini öwrendiler. Çuňlukdaky basyşy saklaýan ýörite nusga alyjy enjamlar gidrotermal suwuklyklaryň düzümindäki wodorodyň mukdarynyň mundan ozal bellige alnan iň ýokary görkezijilerden-de iki esse köpdügini görkezdi.
Adatça, wodorodyň beýle ýokary mukdary deňiz suwunyň mantiýa jynslary bilen täsirleşmegi netijesinde ýüze çykýardy. Emma bu sebitiň düýbi Şpisbergeniň fýordlaryndan gelen galyň çökündi gatlagy bilen örtülendir. Kompýuter modelirlemesi bu gazyň şol çökündileriň düzümindäki gadymy organiki maddalaryň termiki dargamagy netijesinde emele gelýändigini görkezdi. Bu bolsa köp mukdarda wodorod almak üçin hökman mantiýa bilen galtaşyk bolmaly diýen düşünjäni hem şübhe astyna alýar.
Wuds-Houl okeanografiýa institutynyň hünärmeni Jeff Siwald bu anomal ulgamy «wodorod fabrikasy» diýip häsiýetlendirdi. Alymlar bu açyşyň astrobiologiýa ylmy üçin hem örän möhümdigini belleýärler. Çünki şuňa meňzeş hadysalaryň Saturnyň hemrasy Enseladyň we Ýupiteriň hemrasy Ýewropanyň buzasty ummanlarynda hem bolup geçmegi juda mümkin. Eger şeýle ýagdaý bolsa, onda şol asman jisimlerinde mikrob ýaşaýşynyň emele gelmegi üçin zerur bolan amatly şertler döräp biler.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......