Starlink hemra internetini ulanyjylaryň sany 10 mln adamdan geçdi

  • 16.02.2026 12:10
  • 2.4k+

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask özüniň X sosial ulgamynda Starlink hyzmatyny ulanýanlaryň sanynyň 10 million adama ýetendigini habar berdi.
Milliarderiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Starlink-iň dünýäniň 160 ýurdunda we sebitinde 10 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar. Mask bu ulgama ynam bildirýän ähli ulanyjylara öz minnetdarlygyny bildirdi.
Kompaniýanyň ulanyjylar bazasynyň ösüş depgini örän ýokarydyr. Çünki, Starlink 9 million görkezijiden geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda geçipdi. Şeýlelikde, ýene bir million ulanyjyny goşmak üçin kompaniýa iki aýdan hem az wagt sarp etdi. Bu bolsa Starlink-iň her gün ortaça 19 000-den gowrak täze müşderi gazanandygyny aňladýar.
2025-nji ýylyň dowamynda Starlink-iň auditoriýasy iki esse artyp, 9,2 million adama ýetdi we 35 sany täze ýurtda elýeterli boldy. Häzirki wagtda dünýädäki hemra internet trafiginiň 97%-i hut şu kompaniýanyň paýyna düşýär. Mysal üçin, Braziliýa 1 milliondan gowrak ulanyjysy bilen Starlink üçin dünýäde ikinji uly bazara öwrüldi.
Şu ýyl bolsa orbitada has kämilleşdirilen we uly Starlink V3 hemralary ýerleşdirilip başlanar. Olar ýerdäki ulanyjylar üçin gigabit tizlikli internet maglumat alyş-çalşygyny üpjün eder.


31.05.2026 00:31
2.1k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

14.05.2026 20:49
2.6k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....