Azyk önümleriniň ýaramlylyk möhletini uzaldýan plýonka oýlanyp tapyldy

  • 07.02.2026 17:42
  • 3.5k+

Öz üstündäki mikroplaryň tas 100 göterimini ýok etmäge ukyply, azyk önümlerini gaplamak üçin niýetlenen innowasion material döredildi. Bu täzelik önümleriň saklanyş möhletini artdyrmaga we iýmitden zäherlenmek töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berer diýip, Tomsk döwlet uniwersitetiniň (TDU) saýtynda habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, polimer materiallar iýmitleri saklamak üçin örän amatlydyr. Olaryň berk, ýeňil, çeýe häsiýeti önümleri çyglylykdan we kisloroddan goraýar. Emma muňa garamazdan, bakteriýalar olaryň üstünde aňsatlyk bilen ýaşap bilýärler, bu bolsa önümiň zäherlenmegine getirýär. TDU-nyň hünärmenleri Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň berklik fizikasy we materialşynaslyk institutynyň kärdeşleri bilen bilelikde mikroplara garşy nano-bölejikleriň kömegi arkaly bu meseläni çözdüler.
Alymlar sink oksidiniň we kümüşiň iki komponentli nano-bölejikleri bilen kämilleşdirilen polipropilen plýonkasyny işläp düzdüler. Günüň şöhlesiniň, şeýle-de emeli yşyklandyryşyň täsiri astynda bu bölejikler kislorodyň aktiw formalaryny bölüp çykarýarlar. Olar bolsa bakteriýalaryň we kömelejikleriň düzümini dargadyp, mikroplara garşy täsir edýär.
Plýonka altyn reňkli stafilokokk (Staphylococcus aureus) bakteriýalaryna we hamyrmaýa meňzeş Candida albicans kömelejiklerine garşy synagdan geçirildi we onuň netijeliligi tejribe arkaly tassyklanyldy.

Polimeriň düzümindäki nano-bölejikleriň dürli konsentrasiýalary bilen geçirilen tejribeleriň dowamynda, plýonkanyň mikrogurluşlaryň ösmegini tas 100 göterim bökdeýän, şol bir wagtyň özünde hem berkligini we ulanyş aýratynlyklaryny saklaýan iň amatly mukdary tapyldy.

Şeýle hem alymlar täze materialyň adam saglygy üçin howpsuzlygyny hem barladylar. Netijede onuň sitotoksik täsiriniň ýokdugy subut edildi.


şu gün 10:01
385

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......