Alymlar strategik pikirlenip aw etmek ukyby bolan täsin möý hakda gürrüň berdiler

  • 12.02.2026 13:26
  • 3.6k+

Alymlar soňky wagtlar Portia urugyna degişli möýleriň geň galdyryjy ukyplaryna üns berdiler. Ratgers uniwersitetiniň ewolýusion biology Skott Trewersiň Forbes neşirinde ýazan makalasynda bellemegine görä, bu möýler özleriniň örän kiçijik nerw ulgamyna garamazdan, çylşyrymly we çeýe awçylyk endiklerini özleşdiripdirler.
Portia — Afrika, Aziýa we Awstraliýada giňden ýaýran böküji möýleriň bir görnüşidir. Möýleriň köpüsinden tapawutlylykda, olar diňe kerebine iljek awuna garaşyp oturman, eýsem özleri-de awuň ugruna işjeň çykýarlar. Olaryň esasy nyşany köplenç beýleki möýler, käwagt bolsa özlerinden has uly we howply jandarlardyr.
Portia möýleri aw usulyny öňünden peýleýärler, göz astyna alan pidalarynyň gözüne görünmezlige çalyşýarlar we ýüze çykýan şertlere görä öz taktikalaryny üýtgedýärler. Bu möýler örän duýgur bolýar, şonuň üçin olar üçin, nyşana alnan awuň goranyş reaksiýasyny oýatmazlyk örän möhümdir.
1996-njy we 1997-nji ýyllarda geçirilen barlaglar Portia möýleriniň öz ýalňyşlyklaryndan netije çykarmaga we awy wagtlaýynça gözden ýitse-de, ony tapmaga ukyplydygyny hem görkezdi. Käbir ýagdaýlarda bolsa, möýler awunyň özüni alyp barşyny üýtgetmek üçin bilgeşleýin yza çekilmegi-de oňarýarlar.
Alymlar şeýle hereketleriň Portia möýleriniň aw meýilnamasy baradaky içki garaýyşlary kemala getirip bilýändigini öňe sürýärler. Neýronlarynyň az sanlydygyna garamazdan, olaryň ösen görüş ulgamy we maglumaty netijeli işlemek ukyby şeýle çylşyrymly endikleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.


şu gün 10:53
341

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....