Niderlandlarda himiýa kanunlaryny inkär edýän we öz-özüni dikeldýän plastik döredildi

  • 10.02.2026 15:07
  • 3k+

Niderlandlaryň Wageningen uniwersitetiniň barlagçylary, professor Ýasper wan der Guhtyň ýolbaşçylygynda, materialyň düýpgöter täze görnüşini oýlap tapdylar we oňa «kompleksimer» diýip at dakdylar. Onuň üýtgeşikligi, öň biri-birine düýbünden çapraz gelýär diýlip hasap edilen häsiýetleri-de özünde jemlemegindedir. 

Ýokary hilli plastikdäki güýçli durnuklylyga eýe bolan täze maddany adaty aýna ýaly aňsatlyk bilen üfläp, dürli görnüşe salyp hem bolýar.
Onýyllyklaryň dowamynda ylymda madda näçe haýal erese we işlemek üçin näçe ýeňil bolsa, netijede ol şonça-da döwülegen bolmaly diýlen düşünjä eýerilip gelindi. Alymlar molekulýar derejedäki baglanyşygyň maksadyny üýtgedip, bu garaýşy ret etmegi başardylar. Şoňa görä, kompleksimer adaty himiki baglanyşyklaryň deregine, fiziki dartylma güýji arkaly saklanýar. Ondaky her molekulýar zynjyryň ýarysy položitel, beýleki ýarysy bolsa otrisatel zarýada eýedir. Netijede molekulalar edil magnit ýaly biri-birine ýapyşýarlar.

Şeýle gurluş sebäpli molekulalaryň arasynda has köp boşluk galýar. Bu bolsa materialyň haýran galdyryjy derejede berkligini saklamagyna mümkinçilik berýär. Kompleksimerden ýasalan önüm hatda gaty ýere gaçanda-da döwülmeýär. Mundan başga-da, bu maddy serişde öz-özüni dikeltmek ukybyna hem eýedir. Eger onda jaýryk emele gelse, şol şikeslenen ýeri, meselem, adaty fen bilen gyzdyryp, biri-birine gysmak ýeterlik. Şeýle edilende molekulýar baglanyşyklar şol bada dikelýär.


şu gün 16:08
610

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

düýn 10:01
3.4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.8k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....