Şyrkyldawuk leňňeçlerde başga hiç jandarda duş gelmeýän gorag «başgaby» tapyldy

  • 15.02.2026 19:36
  • 3.8k+

Şyrkyldawuk leňňeçler öz gyrkyçlaryny gulagyňy deşip barýan derejede şyrkyldadyp, awlaryny we garşydaşlaryny seňseletmek ukyby bilen meşhur. Olar şeýle edenlerinde ýokary tizlikli suw akymyny döredip, güýçli urgy tolkunyny emele getirýärler. Alymlar şu wagta çenli bu jandarlaryň şeýle uly güýçden özlerini nädip goraýandyklaryna jogap tapyp bilmeýärdiler. Ýakynda bu soraga jogap bolup biljek maglumatlar Journal of the Royal Society Interface žurnalynda çap edildi.

Günorta Karolina we Talsa uniwersitetleriniň alymlarynyň geçiren barlagyna görä, şyrkyldawuk leňňeçler öz beýnisini we gözlerini ýörite dury gorag «galkany» arkaly goraýarlar. Leňňeçleriň daşky skeletine berkidilen «galkan» olaryň kelle böleginde ýerleşýär.


Biologlar barlagyň dowamynda Günorta Karolinanyň derýalaryndan ýygnalan janly leňňeçleri öwrendiler. Geçirilen ölçegler leňňeçleriň kellesindäki bu «başgabyň» esasy gabyga garanyňda iki esse ýumşakdygyny görkezdi. Hut şu aýratynlyk onuň urgy tolkunynyň energiýasyny endigan ýaýratmagyna şert döredýär. Kompýuter modelirlemesi bu gurluşyň urgy tolkunynyň güýjüni azaldýandygy-da tassyklady. Goşmaça geçirilen synaglar bolsa urgy mahaly «başgaply» leňňeçleriň hiç hili zeper çekmändiklerini, «başgapsyz» leňňeçleriň bolsa  ugur-ýollaryny ýitirip, biraz wagt hereketden galandyklaryny görkezdi.
Alymlaryň bellemegine görä, bu janly tebigatda kelle-beýni şikeslerinden goranmak üçin ýüze çykan ilkinji anyk biologik nusgadyr. Geljekde bu ylmy netijeler adamlar üçin has kämil we täsirli gorag serişdelerini döretmekde hem ulanylyp bilner.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......