Alymlar möý kerebiniň berk we çeýeliginiň sebäbini anykladylar

  • 13.02.2026 10:11
  • 2.9k+

Londonyň Patyşalyk kollejiniň we San-Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary möý kerebine bir wagtyň özünde hem ýokary berklik, hem-de çeýelik berýän molekulýar prosesleri ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda neşir edildi.
Geçirilen ylmy iş möý kerebiniň beloklarynyň molekulýar derejede nähili birleşýändigini ilkinji gezek jikme-jik suratlandyrýar. Barlagçylar beloklaryň düzümindäki aminokislotalaryň material emele gelýän wagty ony biri-birine berkidýän özboluşly «ýelmeşýän lentalar» hökmünde çykyş edýändigini anykladylar. Kerep möýüň kerep mäzindäki suwuk erginden emele gelip, ol çekilen wagty gaty süýümlere öwrülýär. Bu madda berkligi boýunça polatdan, gatylygy boýunça bolsa kewlardan has ýokarydyr.
Alymlar molekulýar modelirleme we spektroskopiýa usullarynyň kömegi bilen, arginin we tirozin aminokislotalarynyň arasyndaky özara täsirleriň esasy orun eýeleýändigini subut etdiler. Bu baglanyşyklar beloklar heniz damja görnüşinde wagty ýüze çykýar we süýüm emele gelende-de saklanyp galyp, üýtgeşik mehaniki häsiýetli nanostrukturany döredýär.
«Bu açyşyň amaly ulanylyş ugurlary ýeňil gorag lybaslaryndan we uçarlaryň komponentlerinden başlap, biologik taýdan dargap bilýän lukmançylyk implantatlaryna we ýumşak robototehnika çenli örän giňdir» — diýip, Britaniýanyň barlagçylar toparynyň ýolbaşçysy professor Kris Lorens belledi.
Mundan başga-da, awtorlaryň pikiriçe, alnan netijeler Alsgeýmer keseli ýaly neýrodegeneratiw keselleri öwrenmekde hem uly ýardam berip biler.


düýn 17:37
1.7k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......