66 sany güýçli partlama: Günüň ýüzündäki bir işjeň sebit XXI asyryň rekordyny täzeledi

  • 10.02.2026 00:37
  • 4k+

Ýerden göni synlap bolýan 4366-njy işjeň sebit Gündäki güýçli partlamalaryň sany boýunça XXI asyryň täze rekordyny goýdy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň (İKI RAN) Gün astronomiýasy laboratoriýasyna salgylanýan TASS habar berýär.

Bu sebitde jemi 66-a golaý partlama hasaba alyndy. Ozalky iň ýokary görkeziji 3664-nji sebite degişli bolup, onda 64 sany partlama hasaba alnypdy etdi.
4366-njy tegmiller toparynda 8 minut dowam eden M1.8 klasly partlama boldy.
Sagat 16:43-de: 4358-nji sebitde has dowamly (28 minut) bolan M1.7 klasly ýene bir partlama hasaba alyndy.
Bu hadysalaryň ikisi hem rentgen şöhlelenmesi diapazonynda anyklanyldy. Gündäki partlamalaryň M-klasy güýçlüligi boýunça iň ýokary (X-klas) derejeden öňki klasa degişlidir we olar Ýerdäki radioaragatnaşyga gysga wagtlaýyn täsir edip biler.


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.9k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......