Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär

  • 07.02.2026 00:23
  • 5.4k+

Emeli aň industriýasynyň çalt depginler bilen ösmegi, maglumat merkezlerini gurmak we olara hyzmat etmek üçin zerur bolan işçi hünärmenleriniň ýiti ýetmezçiligini ýüze çykardy diýip, WIRED neşiri ýazýar. Netijede elektriklere, gurluşykçylara, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny gurnaýan işgärlerine bolan isleg birden ýokarlandy.

Häzirki zaman maglumat işläp taýýarlaýyş merkezleri çylşyrymly elektrik üpjünçiligi, sowadyş we suw taýýarlaýyş ulgamlaryny talap edýär, olaryň gurluşygy bolsa ýokary başarnykly hünärmenlersiz mümkin däl. Kadr ýetmezçiligi köp adamyň EA ýa-da hyzmat ediş ugruny saýlamagy, işçi hünärlerini öwrenmegiň bolsa wagt hem-de tejribe talap etmegi bilen has-da güýçlenýär.
Elektrik gurnamalaryndaky ýa-da sowadyş ulgamlaryndaky ýalňyşlyklaryň hasaplaryň togtamagyna, enjamlaryň zaýalanmagyna we uly maliýe ýitgilerine getirip biljekdigi sebäpli, emeli aň üçin niýetlenen maglumat merkezleri ygtybarlylyk babatda has ünsli bolmagy talap edýär. Şunlukda kompaniýalar wajyp infrastrukturalarda iş tejribesi ýetik, ýöriteleşdirilen hünärmenler ugrunda biri-birleri bilen bäsleşmäge mejbur bolýarlar.
Şeýdip, täze maglumat merkezleriniň gurluşyk möhletleri uzalýar, şoňa görä bahalary-da ýokarlanýar. Hatda çip ýetmezçiligi ýa-da maýa goýumlaryň ýoklugy üçin däl-de, eýsem işleri öz wagtynda ýerine ýetirip biljek potratçylaryň ýetmezçiligi sebäpli yza süýşürilýän taslamalar-da az däl.

 


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
963

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...