Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sany günde 6 gezege çenli artdyryldy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy halkara howa menziline uçuşlaryň ýygylygyny günde 6 uçuşa çenli artdyrdy. 11-nji awgustdan «Awaza» milli syýahatçylyk merkezinde dynç almak isleýän raýatlaryň barha artýan islegini kanagatlandyrmak üçin Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugrunda goşmaça uçuşlar girizildi diýip, awiakompaniýa habar berýär...