Biedep syýahatçylar sebäpli ýapon şäherinde sakura güllese-de festiwal geçirilmez

  • 06.02.2026 20:32
  • 6.8k+

Ýaponiýanyň Fudzi dagynyň golaýynda ýerleşýän Fudziýosida şäheriniň häkimiýetleri, syýahatçylaryň sanynyň çendenaşa artmagy we olaryň tertipsiz hereketleri sebäpli, sakuranyň güllemegi mynasybetli şu ýylky geçirilmeli festiwaly ýatyrmak barada karara geldiler. Bu barada mignews.com neşiri habar berýär.
Şäher häkimliginiň maglumatyna görä, turistleriň köpçülikleýin akymy, ýollarda emele gelýän dowamly dyknyşyklar köçeleriň çendenaşa hapalanmagyna sebäp boldy. Ýerli ýaşaýjylar käbir syýahatçylaryň hususy eýeçilikdäki ýerlere, şol sanda howlulara-da birugsat girýändiklerinden, hatda ol ýerleri öz zerur hajatlary üçin hem ulanýandyklaryndan şikaýat edýärler.
Bahar paslynda gülleýän alça agaçlary we Fudzi dagynyň ajaýyp görnüşi üçin Fudziýosida şäheri örän köp syýahatçyny özüne çekýär. Emma şäher häkiminiň belleýşi ýaly, sebitiň barha artýan meşhurlygy «şäherlileriň parahat durmuşyna» wehim salyp başlady.
«Biz güýçli ruhyçökgünlige uçradyk» diýen şäher häkimi festiwaly ýatyrmak baradaky kararynyň ýerli ilatyň bähbitlerini goramak we jemgyýetçilik tertibini saklamak üçin derkarlygy bilen düşündirýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......