Wizasyz we serhetsiz dünýä: Henley dünýäniň iň «güýçli» pasportlarynyň reýtingini düzdi

  • 16.01.2026 09:11
  • 10k+

Täze Henley Passport Index reýtingi haýsy pasportlaryň syýahatlarda has köp erkinlige ýol açýandygyny görkezdi. Sanawda öňdebaryjy Singapuryň pasporty boldy: onuň raýatlary wizasyz 192 ýurda we sebite baryp bilýär. Ikinji orny 188 ýurda elýeterlilik bilen Ýaponiýa we Günorta Koreýa paýlaşýar.

Ýewropanyň bäş ýurdy – Daniýa, Lýuksemburg, Ispaniýa, Şwesiýa we Şweýsariýa 186 ugur görkezijisi bilen üçünji orny deň derejede paýlaşdy.
Birleşen Arap Emirlikleri (184) häzire çenli iň ýokary ösüşi görkezdi. Ýurt Henley Passport Index-iň 20 ýyllyk taryhynyň dowamynda 149 wizasyz ugry goşup, reýtingde 57 orun ýokary galdy. Hasabatda munuň «durnukly diplomatik işjeňlik we wiza düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi» bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
Bir ýylyň dowamynda iň uly pese gaçyşy Beýik Britaniýa görkezdi. Indi britaniýalylar wizasyz 182 ýurda baryp bilýär, bu bolsa geçen ýylkydan 8 ýurt azdyr.  
ABŞ 2025-nji ýylyň ahyrynda ilkinji gezek onlukdan çykandan soň, ýene-de 179 ýurt bilen öňdebaryjylaryň onlugyna gaýdyp geldi.
Reýtingiň ahyrynda Owganystan (24), Siriýa (26) we Yrak (29) ýerleşýär. Iň güýçli bilen iň gowşak pasportlaryň arasyndaky tapawut 168 ugra deň.
2026-njy ýylda dünýäniň iň güýçli pasportlary:

  • Singapur – 192
  • Ýaponiýa, Günorta Koreýa – 188
  • Daniýa, Lýuksemburg, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa – 186
  • Awstriýa, Belgiýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Irlandiýa, Italiýa, Niderlandlar, Norwegiýa – 185
  • Wengriýa, Portugaliýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Birleşen Arap Emirlikleri – 184
  • Horwatiýa, Çehiýa, Estoniýa, Malta, Täze Zelandiýa, Polşa – 183
  • Awstraliýa, Latwiýa, Lihtenşteýn, Beýik Britaniýa – 182
  • Kanada, Islandiýa, Litwa – 181
  • Malaýziýa – 180
  • Birleşen Ştatlar – 179.

Reýting Londonyň raýatlyk meselelerine ýöriteleşýän Henley & Partners konsalting kompaniýasy tarapyndan International Air Association-yň eksklýuziw maglumatlarynyň esasynda düzülýär.


düýn 01:05
4k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......