Kipriň paýtagty 2026-njy ýylda Ýewropanyň esasy medeni ugry diýlip ykrar edildi

  • 26.01.2026 04:13
  • 2.4k+

European Best Destinations (EBD) guramasynyň  düzen reýtingine görä, Kipriň paýtagty Nikosiýa şäheri 2026-njy ýylda syýahatçylar üçin Ýewropanyň iň gowy medeni ugry diýlip ykrar edildi. Bu barada Travel Tomorrow neşiri habar berýär.
Reýtingi düzen hünärmenler bu şäheriň özünde baý taryhy miras bilen medeniýete döwrebap çemeleşmeleri birleşdirýändigini bellediler.
«Taryhy we innowasiýalary, döredijiligi we jemgyýetçilik gatnaşygyny, däp-dessurlary we batyrgaý medeni maksatnamalary utgaşdyrýan Nikosiýa, bu günki günde Ýewropanyň iň özboluşly medeni merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär» diýip, EBD-niň wekilleri belleýärler.
Sanawda ikinji orny Florensiýa (Italiýa), üçünji orny bolsa Wena (Awstriýa) eýeleýär. 
Ilkinji onluga şeýle hem Belgiýanyň Lewen, Horwatiýanyň Şibenik, Italiýanyň Werona, Portugaliýanyň Tomar, Fransiýanyň Ruan, Beýik Britaniýanyň Oksford we Awstriýanyň Gras şäherleri girdi.
Barlagyň netijeleri 131 ýurtdan 22 müň syýahatçynyň ses bermegi esasynda jemlendi. Nikosiýa mümkin bolan 20 baldan 18,6 bal toplap, iň ýokary görkezijini gazandy.

 


23.06.2026 09:50
4.7k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......