Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy

  • 14.01.2026 11:56
  • 8.9k+

Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadan 45 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Bişoftu şäherinde Bişoftu halkara howa menziliniň (BIA) gurluşygyna girişildi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, bu howa menzili Afrika yklymyndaky iň uly awiasiýa merkezine öwrüler.

Taslamanyň bahasy 12-12,5 milliard dollar aralygynda bolup, ol häzirki hereket edýän Bole howa menziliniň işini ýeňletmegi hem-de ýurdy Afrika, Ýewropa we Aziýa yklymlaryny birleşdirýän esasy merkeze öwürmegi maksat edinýär.
"Ethiopian Airlines" kompaniýasynyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan bu taslamanyň resminamalaryna görä, birinji tapgyrda desganyň ýolagçy geçirijilik ukyby ýylda 60 million adama deň bolar. Geljekde bolsa bu görkezijiniň 110 million ýolagça çenli ýetirilmegine garaşylýar.
Binagärlik dizaýny "Dar Group" we "Zaha Hadid Architects" tarapyndan taýýarlanyldy. Binagärler taslamanyň dizaýnyna Efiopiýanyň dört sebitiniň nyşanlaryny we Beýik Rift jülgesiniň keşbini siňdirdiler.
Toplumyň düzüminde dört sany uçuş-gonuş zolagy we 270 uçar üçin niýetlenen duralga (perron) meýilleşdirilýär. Paýtagt bilen howa menziliniň arasyndaky gatnawy ýokary tizlikli awtomobil ýoly we demir ýol üpjün eder. Häzirki wagtda taýýarlyk işleri üçin eýýäm 600 million dollardan gowrak serişde sarp edildi.
Gurluşygyň işjeň tapgyryna 2026-njy ýylyň awgust aýynda girişilmegi meýilleşdirilýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......