S7 Airlines Aşgabat bilen Nowossibirskiň arasynda göni gatnawlary açýar

  • 26.12.2025 12:05
  • 10k+

S7 Airlines awiakompaniýasy Russiýanyň Nowosibirsk şäheri bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawlaryny açýar. Awiakompaniýa täze ugur boýunça biletleriň satuwyna eýýämden başlady.

Gatnawlar 2026-njy ýylyň 31-nji martynda başlar we hepdede bir gezek — sişenbe güni amala aşyrylar.
Gatnawyň tertibi:

  • Nowosibirsk — Aşgabat: Nowosibirsgiň "Tolmaçýowo" howa menzilinden sagat 00:55-de ugraýar we ýerli wagt bilen sagat 03:00-da Aşgabada gonýar. Uçuş wagty 4 sagat 5 minut.
  • Aşgabat — Nowosibirsk: Yzyna uçuş hem sişenbe günleri sagat 04:30-da amala aşyrylar we Nowosibirsge sagat 10:15-de barar. Bu ugurda uçuş 3 sagat 45 minut dowam eder.

Uçuşlarda Airbus A320 uçarlary ulanylar. Ýolagçylara bagaž daşamak, petegi çalyşmak we yzyna tabşyrmak şertlerine görä biri-birinden tapawutlanýan "Standart" we "Plýus" nyrhnamalary hödürlenýär. Şeýle hem, ýolagçylar goşmaça bagaž sargyt edip, salonda islendik ýeri saýlap we hyzmat derejesini ýokarlandyryp bilerler.
Häzirki wagtda S7 Airlines Moskwa – Aşgabat ugry boýunça hem yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Gatnawlaryň tertibi we biletleriň nyrhlary baradaky has giňişleýin maglumaty awiakompaniýanyň resmi sahypasyndan tapyp bilersiňiz.


27.01.2026 22:15
14k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
6.9k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

12.01.2026 17:52
19k+

Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar...