Hytaýda bir kofehana kert gaýada kofe içmäge çagyrýar: bu ýeri internetde trend boldy

  • 23.02.2026 20:02
  • 14k+

Hytaýyň Fuszýan welaýatynda, deňiz derejesinden has belentde, kert gaýanyň gyrasynda ýerleşýän kofehana Hytaý Täze ýylynyň dynç alyş günlerinde iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde kofe içmek üçin gelýänler ýörite alpinist enjamlaryny geýip, gaýanyň ýüzündäki insiz tagtanyň üstünde oturyp, mawy deňziň görnüşinden lezzet alýarlar.

Hytaýyň sosial ulgamlarynda kofe söýüjiler kofehanadaky täsin pursatlaryndan suratlardyr wideolary paýlaşýarlar. Bu üýtgeşik başdangeçirmäniň bahasy 398 ýuan (takmynan 58 dollar). Kofe we ätiýaçlandyryş, ýörite alpinist enjamlary, bir wagtyň özünde gid, ofisiant we suratçynyň işini ýerine ýetirýän instruktoryň hyzmaty hem şol tölegiň içine girýär.
Myhmanlar üçin häzirlikçe wagt çäklendirmesi ýok. Olar 60 metr töweregi belentlikde, kert gaýada berkidilen insizje tagtanyň üstünde islän wagtlaryna çenli oturyp bilýärler.


Hytaýda içerki syýahatçylyk, naharhanalar we dynç alyş merkezleriniň arasyndaky bäsdeşlik örän güýçli. Şol sebäpli kärhana eýeleri müşderileri özlerine çekmek üçin hemişe täsin we  del pikirleri oýlap tapmaga çalyşýarlar.
Hünärmenler şeýle ýerlere entek trende öwrülmänkä barmagy maslahat berýärler. Sebäbi täsinlik sosial torlarda ýoň bolandan soň, uzyn nobat we mähelle zerarly, hakyky rahatlygy we lezzeti duýmak kynlaşýar.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......