The New York Times 2026-njy ýylda syýahat üçin iň gowy ýerleriň reýtingini düzdi

  • 12.01.2026 23:22
  • 4.6k+

«The New York Times» amerikan gazeti 2026-njy ýylda baryp görmeli 52 ýeriň sanawyny hödürledi.

Neşir birinji orunda «Rewolýusion Amerikany» ýerleşdirdi. Redaksiýa ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýörişleri we sergileri görmek, futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýnuna we 4-nji iýulda Waşingtondaky konserte gatnaşmak üçin ABŞ-a gitmegi maslahat berýär.
Ikinji setiri Warşawa eýeledi. Polşanyň paýtagty täze Häzirkizaman sungat muzeýi we TR Warszawa awangard teatry bilen tapawutlandy.  
Üçünji orunda Bangkok ýerleşdi. Ol ýerde ýaşyl zolaklar az, ýöne Dib Bangkok häzirkizaman sungat merkezi we ýakynda gaýtadan dikeldilen «Wat Çaýwatthanaram» budda ybadathana toplumy bar. Ol 12 ýyl dikeldiş işlerinden soň ýene-de myhmanlar üçin açyk.
Şeýle-de, sanawa Kosta-Rikadaky Osa ýarymadasy, Hindistandaky Bandhawgarh gaplaň goraghanasy, geljekki futbol dünýä çempionatynyň merkezleriniň biri bolan Dallas şäheri, Alžirdäki Oran port şäheri hem-de eýýäm 100 ýyl bäri Çikago bilen Kaliforniýanyň Santa-Monika şäherini birleşdirýän meşhur şosse 66 (U.S. Route 66) bar.

«Arizonadaky Outmanyň golaýynda Gara daglaryň çöl bilen birleşýän ýerindäki 191 öwrümli Sidewinder ýolunda aýlanyp görüň. Autsaýderleriň sungat eserlerine, mysal üçin, Oklahoma ştatynyň Katusa şäherindäki «Gök läňehe» serediň. Onuň täze merkezi aprelde myhmanlar üçin öz gapysyny açar. Nýu-Ýork ştatynyň Gellap şäherindäki täzelenen El Rancho otelinde saklanyň. Bu ýerde Ketrin Hepbern we Gregori Pek hem bolupdy» — diýip, NYT belleýär.

Syýahat etmek üçin ýerleriň arasynda Saba Karib adasy, Barselonadaky Poblenou sebiti, Nepalyň daglary, Baýroýt opera festiwaly, Kanadanyň Gaýaly daglarynyň üsti bilen otluly gezelenç, Awstraliýanyň Top-End sebiti we Malaýziýadaky Penang şäheri bar.
Sanawa Nagasaki (Ýaponiýa), italýan Alplaryndaky Breý-Çerwiniýa dag zolagy, Çilidäki Frouard burny, Seýşel adalary, Norwegiýadaky Trena adalary, Awstraliýadaky Melburn, Ermenistan, Islandiýa we Wýetnam hem girdi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......