Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy

  • 10.01.2026 11:18
  • 3.7k+

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär.

Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler.
Ouluda medeni paýtagtyň ýylynyň resmi açylyşy 16-18-nji ýanwara meýilleşdirilýär. Çäreleriň programmasy «Medeniýet we klimat üýtgemeleri» temasyna bagyşlanar we Ýewrokomissiýanyň belleýşi ýaly, «möhüm global meselelere» ünsi çeker.
Trençinde açylyş festiwaly 13-15-nji fewralda bolar. Onuň programmasy «Bilesigelijiligi oýarmak» temasy bilen baglanyşykly bolup, «adamlaryň, geçmiş bilen geljegiň, şeýle-de hyýal bilen hakykatyň arasynda köpri gurmaga ruhlandyrmagy» maksat edinýär.

«Eýýäm 40 ýyl bäri “Ýewropanyň medeni paýtagtlary” ÝB-niň şäherlerine medeni köpdürlüligi bellemäge, jemgyýeti medeni çärelere çekmäge we ýerli hem sebit ösüşine ýardam etmäge mümkinçilik berýär» – diýlip, Ýewrokomissiýanyň habarynda aýdylýar. 


şu gün 09:50
2.7k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.1k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......