«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

  • 01.01.2026 18:09
  • 6.7k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar.

Häzirki hereket edýän tertibe goşmaça hökmünde, her hepdede ýekşenbe güni täze gatnaw goşuldy. Tassyklanan tertibe laýyklykda:

  • T5-827 belgili gatnaw: Aşgabatdan sagat 04:25-de uçýar we Abu-Dabä sagat 05:55-de barýar.
  • T5-828 belgili yzyna gaýdyş gatnawy: Abu-Dabiden sagat 07:25-de uçýar we Aşgabada sagat 09:55-de gonýar.

Häzirki wagtda anna günleri sagat 17:45-de amala aşyrylýan gatnaw üýtgewsiz galar.
Bu çäreler Aşgabady halkara üstaşyr merkezi hökmünde ösdürmek strategiýasynyň çäginde amala aşyrylýar. Uçuşlaryň geriminiň we ýygylygynyň artdyrylmagy milli awiaulgamyň dünýä ulag ulgamyna goşulyşmagyna, şeýle hem ýolagçylar üçin hyzmatlaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.


düýn 16:31
2.8k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......