Bu kurort şäherlerde syýahatçylaryň sany ýerli ilatdan hem artyk

  • 12.02.2026 04:29
  • 6.8k+

MoneyTransfers hyzmaty dünýäniň iň  gür syýahatçylyk ugurlary baradaky täze barlagyny neşir etdi. Express neşiriniň habar bermegine görä, reýtingde birinji ýeri ortaça bir ýerli ýaşaýja 118 syýahatçy düşýän Tailandyň Phuket adasy eýeledi.
Phuket ýurduň esasy deňiz kurortlarynyň biri hasaplanýar. Ada özüniň Kata hem-de Karon çägelikleri bilen meşhurdyr.
Beýle görkeziji haýran galdyrsa-da, alada goýýan taraplary-da bar. Meselem,  syýahatçylygyň gyzgalaňly möwsümlerinde myhmanlaryň aşa köp bolmagy adanyň ýerli infrastrukturasyna we jemgyýetçilik ýerlerine uly agram salýar. Umuman alanyňda, ilkinji onluga Phuketden başga-da, Pattaýanyň we Krabiniň hem girizilendigi üçin Tailandyň bu sanawyň lideri bolandygyny-da bellemek gerek.
Sanawda Ýewropanyň meşhur kurortlary hem ýer aldy. Gresiýanyň Iraklion şäherinde bir ýaşaýja 22 syýahatçy, Italiýanyň Wenesiýa şäherinde bolsa 21 syýahatçy düşýär. Hatda Wenesiýanyň häkimiýetleri gelýänleriň sanyny azaltmak üçin ýörite syýahatçylyk pajyny girizmek meselesine-de garaýarlar. Gresiýanyň Rodos adasynda hem her ýaşaýja 20-den gowrak syýahatçynyň düşýändigi hasaba alyndy. Onlugy bir ýerli ýaşaýja 18 myhman düşýän ABŞ-nyň Maýami şäheri jemleýär.
Dünýäniň iň  gür 10 syýahatçylyk ugry:

  1. Phuket, Tailand;
  2. Pattaýa, Tailand;
  3. Krabi, Tailand;
  4. Mugla, Türkiýe;
  5. Hurgada, Müsür;
  6. Makao, Hytaý;
  7. Iraklion, Gresiýa;
  8. Wenesiýa, Italiýa;
  9. Rodos, Gresiýa;
  10. Maýami, ABŞ.

şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......