Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy

  • 26.01.2026 13:11
  • 2k+

«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy.
Bilermenler baha berenlerinde uçuşlaryň wagtynda amala aşyrylmagyny, ýatyrylan gatnawlaryň paýyny, 45 minutdan gowrak gijikdirmeleri, goşlar bilen işlenilişini, uçuş-gonuş meýdançasyndaky uzak wagtlap eglenmeleri, ýolagçylary uçardan mejbury düşürmek ýagdaýlaryny we ABŞ-nyň Ulag ministrligine gelip gowşan arz-şikaýatlaryň sanyny göz öňünde tutdy.
Dallas şäherinde ýerleşýän Southwest Airlines ähli ugurlar boýunça iň gowy netijeleri görkezdi: şikaýatlaryň iň az sany, uçuş-gonuş meýdançasynda gijikdirmeleriň pes derejesi, ýokary takyklyk we gatnawlaryň ýatyrylmagynyň pes görkezijisi. WSJ-niň hasabatynda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň operasion modeli içerki üýtgeşmelere we infrastruktura goýlan maýa goýumlara garamazdan durnuklylygyny saklady.
Ikinji orunda Allegiant awiakompaniýasy ýerleşdi. Bu kompaniýa gatnawlaryň ýatyrylmagynyň pes derejesini görkezip, goşlar bilen işlemekde öňe saýlandy we ýolagçylary uçardan mejbury düşürmek ýagdaýlaryny azaltdy. Üçünji orny Delta Air Lines eýeledi. Ol uçuşlaryň takyklygy boýunça gowy netijeleri görkezen hem bolsa, ýatyrylan gatnawlaryň we arz-şikaýatlaryň sanynyň artmagy sebäpli aşaky orunlara düşdi.
Sanawyň iň soňky ornuny American Airlines bilen Frontier Airlines paýlaşdy. American Airlines gatnawlaryň ýatyrylmagy boýunça iň ýokary paýy (takmynan 2,2 göterim) berip, ýekeje görkeziji boýunça-da ilkinji bäşlige girip bilmedi. Frontier bolsa takyklyk we aşa gijikdirmeleriň sany ýaly birbada dört görkeziji boýunça iň soňky boldy.


16.05.2026 13:25
5.5k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

19.12.2025 17:21
15k+

ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi...

18.12.2025 11:29
21k+

ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirmeleri ýatyrdy. Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi...

09.11.2025 19:10
5.4k+

Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy

Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi. Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy...