Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy

  • 09.11.2025 19:10
  • 5.4k+

Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi.

Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy. Mundan başga-da, BAE-niň ýaşaýjylary ýurtda 10 ýyla çenli ýaşamaga we azyndan 2 mln dirham ($545 müň) maýa goýumda salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýän “altyn wizany” alyp bilýär.
Ikinji orunda Nýu-Ýork ýerleşdi. Bilermenler işewürlik üçin gowy şertleriň, salgyt ýeňillikleriniň we geosyýasy durnuklylygyň bardygyny belleýär.
Şeýle-de, millionerler üçin şäherleriň ilkinji bäşligine Singapur, Abu-Dabi we Gonkong girdi.
Uly ýaşly baý adamlar üçin miras salgydy meselesi aýratyn möhüm. Şol sebäpli durmuş derejesiniň ýokarydygyna garamazdan, London pes orny eýeledi. Çünki, Britaniýanyň salgyt ulgamy paýtagtda elita emlägine bolan gyzyklanmany peseltdi.
Savills kompaniýasy 2022-nji ýylda pese gaçyşdan soň global baýlygyň dikelendigini belleýär. Ösüş boýunça öňdebaryjy Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boldy. 2024-nji ýylda 680 müňden gowrak täze millioner peýda boldy, 2029-njy ýyla çenli bolsa olaryň sany ýene 5 mln adam artyp biler. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......