ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

  • 19.12.2025 17:21
  • 15k+

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi.

«Prezident Trampyň görkezmesi bilen, men haýal etmän USCIS-e (ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy) DV1 maksatnamasyny togtatmagy tabşyrýaryn. Bu zyýanly maksatnama sebäpli amerikalylara zyýan ýetmezligini üpjün etmäge gönükdirilýär» — diýip, Kristi Noem X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Maksatnamanyň ýapylmagyna 14-nji dekabrda Braun uniwersitetinde bolup geçen atyşyk sebäp boldy. Noem günäkär diýlip güman edilýän Klaudio Manuel Neweş Walenteniň Birleşen Ştatlaryň çägine 2017-nji ýylda hut grin-kart lotereýasynyň ýeňijisi hökmünde gelendigini belledi. 
Diversity Visa maksatnamasy 1990-njy ýyldan bäri Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynda hereket edýärdi. Bu başlangyjyň çäklerinde her ýyl ABŞ-a immigrasiýa derejesi pes bolan ýurtlardan arza tabşyran ýaşaýjylaryň arasynda 50 müň ýaşaýyş ygtyýarnamasy utulýardy.

Bu lotereýa geçen bäş ýylyň dowamynda ABŞ-a 50 müňden gowrak ýaşaýjysy göçüp gelen ýurtlardan başga dünýäniň ähli ýurtlarynyň raýatlary gatnaşyp bilýär.
Ozal, 2017-nji ýylda Trampyň administrasiýasy howpsuzlyk meseleleri sebäpli bu lotereýany ýatyrmak teklibi bilen çykyş edipdi. 


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......