ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi

  • 18.12.2025 11:29
  • 21k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirmeleri ýatyrdy. Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi.

2025-nji ýylyň dekabrynda çap edilen resminama laýyklykda, iýun aýynda №10949 Karar çap edilenden bäri Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen konstruktiw hyzmatdaşlygy ýola goýandygy we şahsyýeti kesgitlemek boýunça maglumatlaryny dolandyrmakda hem-de maglumat alyş-çalşygy ulgamyny kämilleşdirmekde ep-esli öňegidişlik gazanandygy bellenilýär. Bu ädimler amerikan tarapy tarapyndan oňyn baha aldy we öň girizilen çäklendirmelere gaýtadan seretmek üçin esas boldy.
Gazanylan netijeleriň esasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirme ýatyryldy. Şeýlelikde, wagtlaýyn saparlara degişli çäklendirmeler ýeňilleşdirildi.
Täzelenen resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary aşakdaky immigrasiýa däl wiza kategoriýalary boýunça gaýtadan ýüz tutup we ABŞ-a girip bilerler:

  • • B-1 — iş saparlary, gepleşiklere, maslahatlara we iş duşuşyklaryna gatnaşmak;
  • • B-2 — syýahatçylyk saparlary, garyndaşlara baryp görmek, bejergi almak we hususy maksatlar;
  • • B-1/B-2 — iş we syýahatçylyk saparlary üçin birleşdirilen wiza;
  • • F — ABŞ-nyň akkreditirlenen okuw mekdeplerinde bilim almak;
  • • M — hünär we tehniki okuw;
  • • J — bilim, ylmy, hünär we medeni alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmak.

Çäklendirmeleriň ýatyrylmagy görkezilen wiza kategoriýalary boýunça ýüz tutmalary we ABŞ-a girişleri adaty tertipde gaýtadan dikeltmegi aňladýar.
Şol bir wagtyň özünde resminamada gazanylan öňegidişlige garamazdan, käbir meseleleriň henizem çözülmändigi nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary boýunça, şol sanda hemişelik ýaşaýjy (Green Card) derejesini almak maksady bilen girişleri henizem togtadylan ýagdaýda galýar. Amerikan tarapy bu ugurda seljermeleriň dowam edýändigini habar berýär.


27.01.2026 22:15
12k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

26.01.2026 13:11
1.8k+

Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy

«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy...

25.01.2026 18:53
6.7k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.5k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...