Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

  • 07.02.2026 08:38
  • 4.2k+

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär.
Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar. Bu görkeziji boýunça ösüş 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 90%-e ýetdi.
Emirliklere syýahat etmäge bolan gyzyklanma Germaniýadan, Şweýsariýadan, Kanadadan we Günorta Koreýadan gelýän syýahatçylaryň arasynda barha artýar. Şunlukda, Şarja gitjekler Germaniýada geçirilen seljerme soraglarynda iki esseden gowrak, Şweýsariýada bolsa tas 100% ýokarlandy.
Dubaýyň meşhurlygy ösen howa gatnawy, kanadalylar üçin wizasyz giriş düzgüni we syýahatlaryň bahasynyň 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 16% peselmegi bilen delillendirilýär. Abu-Dabi 2025-nji ýylda syýahatlaryň 27% arzanlamagyndan soň Günorta Koreýaly myhmanlar üçin iň amatly ugra öwrüldi.
Skyscanner-iň maglumatlaryna görä, syýahatçylaryň takmynan 76%-i myhmanhana ýerleşdirilmeginiň hilini nazarda tutýarlar, bu bolsa aýratyn-da Z nesli we milleniallar üçin möhümdir.
Syýahatlaryň ortaça dowamlylygy hem artýar. 2026-njy ýylda syýahatçylar BAE-de ortaça dört günüň ýerine alty gün geçirmegi meýilleşdirýärler. Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Türkiýeden, Awstraliýadan we Niderlandlardan gelýän syýahatçylaryň myhmanhana infrastrukturasy hem-de kenarýaka kurortlar sebäpli BAE-ne gelmegi ýygjamlaşdyrjakdyklaryna umyt bildirilýär.


10.06.2026 16:40
2.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......